DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň iki şäheri basyp alandygyny öňe sürmeginden soň Putin Ukrainadaky söweş zolagyna bardy
Russiýanyň harby resmileri Ukrainanyň Donetskdäki Pokrowsk, Harkowdaky Wolçansk we Zaporožýedäki Dobropillýa şäherleriniň gözegçiligini ýitirendigini mälim etdiler.
Russiýanyň iki şäheri basyp alandygyny öňe sürmeginden soň Putin Ukrainadaky söweş zolagyna bardy
Wladimir Putin
2 Dekabr 2025

Kreml duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky çaknyşyk zolagyna baryp görendigini habar berdi.

Kremliň beýanatyna görä, Putin Baş ştabyň başlygy Waleriý Gerasimowdan, şeýle hem Merkezi toparyň serkerdesi Waleriý Solodçukdan we “Wostok” toparynyň serkerdesi Andreý Iwanaýewden brifing aldy.

Putine frontdaky ýagdaý barada maglumat berildi. Russiýanyň harby resmileriniň sözlerine görä, Donetsk sebitindäki Pokrowsk we Harkow sebitindäki Wolçansk şäherleri Russiýanyň gözegçiligine geçdi.

Putin serkerdelere we esgerlere minnetdarlyk bildirip, Pokrowsk sebitinde gazanylan üstünligiň möhümdigini nygtap: "Bu bize ýörite harby operasiýanyň başynda goýlan ähli esasy maksatlarymyza yzygiderli ýetmäge mümkinçilik berer" diýdi.

Gerasimow ukrain güýçleriniň Kupýansk we Pokrowsk frontlaryndaky gabawdan öz goşunlaryny halas etmäge synanyşýandygyny we beýleki frontlarda garşy hüjümleri başladandygyny habar berdi.