DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Gazadaky 4 ýesiriň tabydynyň Gyzyl Haç guramasyna tabşyrlandygyny habar berdi
Ysraýylyň harby goşuny Gaza ylalaşygynyň çäginde ysraýylly 4 ýesiriň tabydynyň Gyzyl Haç guramasyna tabşyrlandygyny mälim etdi.
Ysraýyl Gazadaky 4 ýesiriň tabydynyň Gyzyl Haç guramasyna tabşyrlandygyny habar berdi
Ysraýyl Gazadaky 4 ýesiriň tabydynyň Gyzyl Haç guramasyna tabşyrlandygyny habar berdi
15 Oktýabr 2025

Ysraýylyň harby goşuny, Halkara Gyzyl Haç guramasynyň gabaw astyndaky Gazada ysraýylly 4 ýesiriň tabydyny kabul edip alandygyny mälim etdi.

Harby goşun tarapyndan berlen beýannamada, “Gyzyl Haç tarapyndan berlen maglumata görä, içinde ýogalan ýesirleriň galyndylary bolan 4 tabyt kabul edip alnypdyr we Ysraýylyň Gazadaky howpsuzlyk güýçlerine tabşyrylmagy üçin ýola çykypdyr” diýildi.

Harby goşun tarapyndan ozal berlen beýannamada, Gyzyl Haçyň ysraýylly birnäçe ýesiriň tabydyny kabul edip almak üçin Gazanyň demirgazygyna tarap ugrandygy nygtalypdy.

Palestinli topar duşenbe güni Gazadaky ylalaşygyň çäginde ysraýylly 4 ýesiriň tabydyny tabşyrypdy.

Hamas geçen hepde gazanylan ylalaşygyň birinji tapgyrynyň çäginde duşenbe güni ertiriň irki sagatlarynda palestinli 2 müňe golaý ýesiriň boşadylmagynyň öwezine ysraýylly 20 ýesiri boşadypdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen hepde Ysraýyl bilen Hamasyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ysraýylly ähli ýesirleriň  we palestinli tussaglylaryň boşadylmagy we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň tapgyrlaýyn ýagdaýda sebitden çekilmegi üçin 29-njy sentýabrda hödürlenen meýilnamanyň birinji tapgyryny kabul edendigini mälim edipdi.

Meýilnamanyň birinji tapgyry anna güni güýje girdi.

Meýilnamanyň ikinji tapgyry Gazada täze dolanşyk ulgamynyň gurulmagyny, köp milletli güýjüň sebite ornaşdyrylmagyny we Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny öz içine alýar.

 

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy