ÝB BMG-nyň kararyndan soň Eýrana garşy sanksiýalaryň gaýtadan giriziljekdigini mälim etdi
Günbatarly ýurtlaryň liderleri sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi baradaky karara garamazdan gepleşik kanallarynyň açykdygyny nygtaýar.
ÝB, BMG-nyň ýadro maksatnamasy sebäpli Eýrana garşy giň gerimli sanksiýalaryň gaýtadan girizilmeginden soň özleriniň hem sanksiýa goýjakdygyny mälim etdi.
BMG hepdäniň ahyrynda, Günbatarly ýurtlaryň 2015-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň çäginde “çalt täsir” mehanizmini işjeňleşdirmeginden soň şeýle kararyň kabul edilendigini mälim etdi.
27 agzaly gurama tarapyndan gaýtadan giriziljek sanksiýalar, Tähranyň ýadro we balistiki hereketlerini gadagan edýän BMG-nyň çärelerini öz içine alýar.
Sanksiýalar Eýranyň merkezi bankynyň emlagynyň saklanmagyny hem öz içine alýar.
Tähran BMG-nyň sanksiýalarynyň gaýtadan girizilmegini “nähak karar” hökmünde häsiýetlendirdi we karary ýazgardy.
Günbatarly ýurtlaryň liderleri sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi baradaky karara garamazdan gepleşik kanallarynyň açykdygyny nygtaýar.
“Diplomatiýanyň soňy däl”
ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Kaža Kallas, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, sanksiýalaryň gaýtadan güýje girmeginiň “diplomatynyň soňy bolmaly däldigini” aýtdy.
Eýran ýadro ýaragyny öndürmek ýaly niýetiniň ýokdygyny we Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni alyş şertnamasyna bagly boljakdygyny beýan edýär.
Eýran, Londondaky, Pariždäki we Berlindäki ilçilerini meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin yzyna çagyrdy we Günbatarly ýurtlara degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi.
Russiýa bilen Hytaý BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde sanksiýalaryň gaýtadan güýje girmegini bökdemäge çalyşdy.
Russiýa bilen Hytaý kararyň Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljekdigine ünsi çekdi.
Karar taslamasyna 15 agzaly geňeşiň diňe 4 agzasy “kabul” sesini berdi.