Döwlete degişli KJNA habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, Waşingtonyň eger ýadro ýaraglaryndan ýüz öwürmegi baradaky talaplaryny bes eden halatynda, ABŞ bilen gepleşiklerden gaça durmaga hiç hili sebäbiň ýokdugyny aýtdy.
KJNA tarapyndan berlen habara görä, ýekşenbe güni Ýokary Halk mejlisinde eden çykyşynda Kim Çen Yn, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren gowy ýatlamalaryny ýatlap geçýändigini habar berdi. Iki lider Trampyň ilkinji Prezident möhletinde 3 aýry gezek duşuşyk geçiripdiler.
Kim Çen Yn: “ABŞ ýadro ýaragsyzlandyrmak baradaky manysyz pikirini bir gapdala goýsa, hakykaty kabul etse we hakykatdanam parahatçylykly ýaşamagy islese, ABŞ bilen gepleşiklerden gaça durmak üçin hiç hili sebäp ýokdyr” diýip belledi.
Kim Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Günorta Koreýanyň çynlakaý howplaryna garamazdan howpsuzlygyny kepillik astyna almak üçin ýadro ýaraglaryny öndürmegi ýurt üçin möhüm meseledigini beýan etdi.
Kim Waşingtonyň we Seulyň gepleşikler babatyndaky soňky tekliplerini, Demirgazyk Koreýany we režimi ýok etmek bilen bagly düýpli niýetleriniň üýtgemändigi üçin çynlakaý garamaýandygy sebäpli ret edendigini habar berdi. Kim Çen Yn onuň subutnamasynyň bolsa Günorta Koreýanyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmalaryny tapgyrlaýyn häsýetde bes etmek baradaky teklibidigini beýan etdi.











