Şakira we nigeriýaly aýdymçy Burna Boý, penşenbe güni Estadio Aztekada geçirlen 2026 Dünýä kubogynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.
Şakira bilen Borna Boý dünýä kubogynda Meksika bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky ilkinji duşuşygyň öňüsyrasynda çykyş etdi.
ABŞ bilen Kanadanyň ýer eýeçiliginde geçiriljek Dünýä kubogyna 48 komanda gatnaşýar. Dünýä kubogynda jemi 104 duşuşyk geçirler.
Dünýä kubogy 19-njy iýulda Nýu-Žerside geçiriljek final duşuşygy bilen tamamlanar.
1970-nji we 1986-njy ýyllarda dünýä kubogyna ýer eýeçiligini eden 80 müň adamlyk Estadio Azteka şu ýyl dünýä kubogy üçin abatlandy.
Kolumbiýaly aýdymçy Şakira bilen nigeriýaly aýdymçy Burna Boý açylyş dabarasynda dünýä kubogynyň resmi aýdymy bolan “Dai Dai” aýdymyny ýerine ýetirdi.















