Iwanow: “Russiýa, Ukraina bilen Stambul gepleşiklerine taýar”

Russiýanyň Türkiýedäki geňeşçi ilçisi, Ukrainanyň ozal berlen gepleşik teklibine heniz jogap bermändigini aýtdy.

By
Iwanow: “Russiýa, Ukraina bilen Stambul gepleşiklerine taýar” / Reuters

Russiýanyň Türkiýedäki geňeşçi ilçisi Alekseý Iwanow çarşenbe güni Russiýanyň Stambulda Ukraina bilen gepleşik geçirmäge taýardygyny emma resmi Kiýewiň ozalky tekliplerine heniz jogap bermändigini aýtdy.

Iwanow Russiýanyň TASS habarlar gullugyna beren beýannamasynda, “Russiýa birnäçe gezek gepleşiklere taýardygyny mälim etdi. Türk hyzmatdaşlarymyz hem Stambul platformasyndan peýdalanyp biljekdiklerine ünsi çekdi”diýdi.

Iwanow Moskwanyň ozal birnäçe gezek gepleşik geçirilmegini teklip edendigini emma Ukrainadan heniz oňyn jogap alyp bilmändiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

Iwanow, Ukraina islän halatynda Moskwanyň gepleşiklere taýardygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Russiýa bilen geçirýän gepleşiklerine ýolbaşçylyk edýän Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk geňeşiň baş sekretary Rustem Umerow sişenbe güni Stambula geldi.

Umerow Telegramdan beren beýannamasynda, Russiýa bilen ýesir çalşygynyň gaýtadan başlamagy maksady bilen Stambula gelendiklerini aýtdy.

Umerow, “Türkiýede we Ýakyn Gündogarda çalşyk etabynyň gaýtadan başlamagy üçin tagalla edýäris. Bu mesele boýunça ozal ylalaşyk gazanylypdy we ylalaşyk durmuşa geçirilmeli” diýdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Rustem Umerowa görä, Türkiýedäki duşuşyk çalşyk etabynyň gaýtadan başlamagy üçin meýilleşdirildi.

Duşuşuga kimleriň gatnaşjakdygy hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.

Russiýa bilen Ukraina soňky gezek 23-nji iýulda Stambulda geçirlen gepleşiklerde ýesir çalşygy boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Türkiýe bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Katar Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygy üçin töwellaçylyk edýär.