Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni, NATO agza Türkiýäni Kanada üçin esasy hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini we esasan söwda we senagat pudagy boýunça edilýän özara gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerine ünsi çekdi.
Penşenbe güni Won şäherinde metbugata beýannama beren Karni “Türkiýe ýerleşýän sebitinde we dünýäde täsiri gün saýyn artýan NATO agza esasy ýurt” diýdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyga ünsi çeken Karni, “Türkiýe bilen edýän söwda gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin uly mümkinçiligimiz bar” diýen Karni, sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen mesele hakynda pikir alyşandygyny nygtady.
Karni Türkiýe bilen Kanadanyň goranyş senagaty we ýadro pudagy ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edip biljekdigini belledi.
Karni metbugata beren beýannamasynda, Kanadanyň awtoulag pudagy üçin täze we has uly maksatly emisiýasyz ulaglaryň ulanylmagy we şol maksada laýyklykda 2,3 milliard dollarlyk täze satyn alma ýada kärende ýeňilliklerini öz içine alýan milli awtoulag meýilnamasynyň üstünde işleýändigini aýtdy.









