DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýranyň mejlisiniň başlygy: "Eýranyň hödürleýän 7 şerti ýerine ýetirilmese, Ormuz bogazy açylmaz"
Eýranyň Mejlisiniň başlygy Mohammad Bager Kalibaf öz ýurdunyň Kataryň araçylyk etmegi bilen ABŞ-a hödürlän teklibi barada: "Eýranyň hödürlän ýedi şerti ýerine ýetirilmese, Ormuz bogazy açylmaz" diýdi.
Eýranyň mejlisiniň başlygy: "Eýranyň hödürleýän 7 şerti ýerine ýetirilmese, Ormuz bogazy açylmaz"
Eýranyň Mejlisiniň başlygy Mohammad Bager Kalibaf

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň habaryna görä, Kalibaf mejlisiň açyk mejlisinde häzirki meseleler barada beýannama berdi.

ABŞ-nyň metbugatda beren beýanatlarynyň tersine, Kalibaf Eýranyň araçylar arkaly teklipler berendiklerini belläp: "Olar birtaraplaýyn talaplaryň döwrüniň gutarandygyny we Eýranyň hödürleýän 7 şerti ýerine ýetirilmedikçe Ormuz bogazynyň açylmajakdygyny bilmeli" diýip nygtady.

Kalibaf ABŞ-nyň Eýranyň tutanýerliliginden gowy habarlydygyny we ýurduň içinde jemgyýetçilik pikirini kemala getirmek üçin ykdysady basyş we harby goşulyşmalar bilen birlikde howp salmak baradaky ritorikasyny hem artdyrýandygyny öňe sürdi.

Kalibaf öz ýurdunyň syýasatyny sosial mediadaky howply beýanatlara däl-de, faktlara esaslanýandygyny we amerikanlylaryň eden "gapma-garşylykly" beýanatlarynyň Eýranyň halkynyň kellesini bulaşdyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Eýranyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ABŞ-na guran saparynyň dowamynda Kataryň araçylygynda Ormuz bogazynyň açylmagy bilen baglanyşykly ABŞ-a ýedi şert hödürledi.

Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýranyň şertlerini kabul etmeýändiklerini mälim edipdi.

Öwren
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk