SYÝASAT
1 minut okamak
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Russiýanyň Erdogana sarpa goýýandygyny aýdan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Erdoganyň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biljekdigine ünsi çekdi.
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler” / AP
October 14, 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Tramp Müsüre guran iş saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugata beren beýannamasynda esasan Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Tramp “Russiýa Erdogana sarpa goýýar” diýdi.

Türkiýe, 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýär.

Resmi Ankara, Kiýew bilen Moswa çaknyşyklaryň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi we parahatçylyk üçin töwellaçylyk etmäge taýardygyny mälim etdi.

Zelenskiý bilen duşuşyk

Ukraina hakyndaky soraglara jogap beren Tramp, anna güni Ak Tamda Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý hem şu gün ir ertir beren beýannamasynda ukrainaly wekiliýetiň ABŞ-na gidendigini we özüniň hem anna güni Tramp bilen duşuşjakdygyny belledi.

Zelenskiý X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Anna güni Waşingtona giderin we Prezident Tramp bilen duşuşaryn” diýdi.

Zelenskiý habarnamasynda “Bize uly goldaw berýän Trampa minnetdarlyk bildirýärin”diýip belledi.