Iki Palestinanyň hekaýaty….
SYÝASAT
2 minut okamak
Iki Palestinanyň hekaýaty….Bärsi Palestina, emma siziň bilýän Palestinaňyz däl. Bu Palestina Amerikanyň ortasynda, Illinois ştatynyň çäklerinde ýerleşýän obajyk. Iki müňe golaý ilatly, asuda, howpsuz jemagat. “Hemmeleriň birek-biregi tanaýan” ýeri.
00:00
4 Mart 2025

Eýsem bu Amerikadaky obanyň Ýakyn Gündogardaky Palestina döwleti bilen näme arabaglanşygy bar?

Ömrüni Amerikan Palestinasynda geçiren 76 ýaşly hormatly dynç alyşdaky Judi Beks gaýraky gapysyny ençeme ýyldan bäri gulplamaýandygyny aýdýar.

Beks, kakasy we ondan ozalkylar ýaly şu obada doglup, kemala gelipdir. Ejesi golaýda 101 ýaşyna gadam basypdyr. Ýerli fermalaryň ençemesi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri şol bir maşgala tarapyndan dolandyrylýar-häzirki wagtda bäş milliondan gowrak adamyň howp astynda ýaşaýan ýeri bolan Palestinadaky nesilden-nesile geçen öýler ýaly. Häzirki wagtda Ysraýylyň Gaza garşy urşundan bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan iki million palestinaly ýerinden-ýurdundan jyda düşürildi. Eýsem, näme üçin Amerikan merkezi günbataryndaky şu kiçijik oba Ýakyn Gündogaryň taryhy topraklary bilen şol bir ady göterýär?

Geliň 1678-nji ýyla dolanalyň.

Fransuz gezendesi soňlar ABŞ boljak şu sebite gelipdir. Jan Lamott obanyň hasyllylygynyň özüne “süý we bal akýan diýary” ýatladandygyny aýdypdyr-bu söz Ýakyn Gündogardaky Palestina bilen ýygy-ýygydan baglanşdyrylýar.

ABŞ-da daşary ýurt sebitleriniň adyny göterýän ençeme ýer bar. Pensilwaniýadaky Liwan we Ohiodaky Dublin diňe ikije mysal. Emma Amerikan Palestinasyndaky durmuş, Gazada gabaw astyndaky palestinalylaryňkydan düýpgöter başgaça.

Beks Ysraýylyň Gazadaky bombardymany hakdaky habarlary görýär. Merhum gaýyn enesiniň sebitde işleýän “Serhetsiz lukmanlar” ýaly guramalara kömek berendigini eşidipdir. Gaýyn enesiniň ýogalmagyndan soň özi we ýoldaşy henizem şol guramalardan hat almaga dowam edýärler. Emma esasan Beks we obanyň beýleki ýaşaýjylary Ýakyn Gündogardaky Palestinany ýumuran çaknyşyklardan daşdadyklaryny aýdýarlar. Amerikan Palestinasyndaky durmuşlary asuda we ähli ýer imi-salalyk-ol polis üçin hem şeýle. Esasy işleri 80 ýaşyny geçen etrap häkimi Pet Şofildiň gözegçiliginde bellenen tizlikden ýokarda gidýänlere jerime salmak. Obanyň turistiki ýeri ýok. Beks hormatly dynç alyşda, şol sebäpli işiniň beýle köp däldigini aýdýar. Esasan golaýda obadaky Operanyň jaýyny abatlan taryh jemgyýeti üçin meýletin işleýär.

Şu gün obanyň Tripadwisorda iň köp baly alan çäreleri “kert gaýadan Wabaş derýasynyň ajaýyp panoramasyna” syn etmek we  şeher muzeýi Hete baryp görmek.

Internet bloggerlerinden biri obanyň üç günlük rodeo festiwaly hakda-da öwgüli sözler ýazypdyr; şüweleňler, traktor çekme ýaryşy we ýene-de ençeme güýmenje barmyş.

Şu iki Palestina hem geografiki hem-de tejribe taýdan biri-birine alysda hem bolsa, Amerikan obasynyň taryhy Palestinanyň baý mirasyny hem-de kanunylygyny tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly Ysraýyl 1948-nji ýylda Palestinadan döredildi. Şol wagtdan bäri sionistler uzak ýyllaryň dowamynda taryhy Palestinanyň hakydasyny ýok etmäge çalyşýarlar. Hat-da Palestina atly hiç zadyň bolmandygyny öňe sürdüler. Şeýlelikde ABŞ-nyň ortasynda Palestina atly asyrlyk obanyň bolmagy, entek Ysraýyl dünýä kartasyna goşulmazdan ozal Palestinanyň we halkynyň bardygyny delillendirýär.

Bu podkast TRT Worlddan Ezgi Topragyň makalasynyň esasynda taýýarlanyldy.

Öwren
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady
Tramp Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy