Tramp ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerlerini goramagy buýurdy

Prezideti Donald Tramp ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň zerur bolan halatynda Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerlerini gorajakdygyny beýan edip, deňiz söwdasy üçin federal ätiýaçlandyryş üçin buýruk berdi.

By
Tramp ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerlerini goramagy buýurdy / AP

Prezident Tramp zerur bolan halatynda ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň Ormuz bogazyndan ýangyç gatnadýan tankerleri gorap biljekdigini aýtdy we Aýlagdan geçýän gämiler üçin ätiýaçlandyryş kepilliginiň berilmegini buýurdy.

“Trut Sosial” platformasy arkaly habarnama beren Tramp, ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdiriş guramasyna “syýasy töwekgelçilik ätiýaçlandyryşyny we kepillikleri” bermek boýunça buýruk çykarandygyny hem-de onuň elýeterli bahadan boljakdygyny mälim etdi.

Tramp; “Mundan beýläk ähli deňiz söwda gämileriniň, esasanda energiýa serişdelerini gatnadýan gämileriň Aýlagdan geçişileriniň maliýe howpsuzlygyny ğüpjün etmek üçin ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdiriş guramasyna amatly bahadan syýasy töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşyň hem-de kepillikleriň berilmegini buýurdym” diýip, ýazdy we onuň ähli deňiz gatnawlary üçin güýjüni saklajakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Donald Tramp; “Gerek bolsa, ABŞ-nyň deňiz floty gysga möhletde Ormuz bogazynda tankerleri goramaga başlar. Nähili bolanda-da ABŞ energiýa serişdeleriniň dünýädäki erkin hereketini üpjün eder” diýdi.

Goşmaça çäreleriň görüljekdigini beýan eden Tramp; “ABŞ-nyň ykdysady we harby güýjüniň taýsyzdygyny” sözleriniň üstüne goşdy.

Tramp bu beýanaty Eýranyň şu hepde global energiýa üpjünçiligi taýdan möhüm ähmiýetli deňiz ugurlaryndan biri bolan bogazdan geçýän gämileri nyşana aljakdygyny habar bermeginden soň berildi.

Sebitde käbir nebit tankerleriniň hüjüme sezewar bolandygy habar berildi.

“Skuld”, “Stimşip Mutual” we “Nort Standard” ýaly käbir deňiz ätiýaçlandyrylary müşderilerine sebitdäki suw giňişliklerinde uruş sebäpli ýitgiler üçin ätiýaçlandyryşy bes etjekdiklerini habar berdi.

Ormuz bogazy, Aýlagy Arap deňizine birikdirýän dar deňiz geçelgesidir we dünýädäki nebit gatnawy üçin esasy ugurlardan biridir.