Russiýa ABŞ we Ukraina bilen üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegini goldamaýar

Daşary işler ministriniň orunbasary Rýabkow ministr Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Rubionyň BMG-niň Sessiýasynda duşuş ähtimallygynyň bardygyny, emma Kiýewiň Moskwanyň teklibine henize jogap bermädigini aýtdy.

Russiýa ABŞ we Ukraina bilen üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegini goldamaýar / Reuters

  Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Rýssiýanyň ABŞ we Ukraina bilen üçtaraplaýyn sammitiň geçirilmegine garaşmaýandygyny, emma Moskwa bilen Waşingtonyň ýylyň dowamynda ikiçäk duşuşyklar geçirip biljekdigini beýan etdi.

Russiýanyň resmi habarlar gullugy “TASS-a” beýanat beren Rýabkow Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretarynyň BMG-niň 80-nji Sessiýasynyň dowamynda duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Rýabkow: Maslahat boýunça gepleşikler henizem dowam edýär. duşuşygyň geçirilme ähtimallygy ýokarydygyny pikir edýärin” diýdi.

Rýabkow resmi Kiýewiň iýul aýynda Stambulda geçirilen üçünji tapgyr Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde hödürlenen üçtaraplaýyn format hakyndaky teklibine henize çenli jogap bermändigini sözleriniň üstüne goşdy.

Diplomatik düşnüşmezlikleri çözmek üçin gelejekde geçirilmegi ähtimal Russiýa-ABŞ geňeşmeleri hakynda durup geçen Rýabkow, geňeşmeleriň bir gezek yza süýşürilendigini, emma onuň diňe logistiki sebäplerden däldigini beýan etdi.  

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow: “Biz durmagyň deregine öňe gitmek isleýäris” diýip, Moskwanyň şeýle gepleşikleri “güýzüň soňuna çenli” geçirmegi tama edýändigini aýtdy.

Rýabkow resmi Waşingtonyň Ukraina bilen bagly pozisiýasy hakynda-da garaýyş beýan etdi.

Sergeý Rýabkow: Amerikalylaryň pikirleriniň ählisi bize gabat gelmeýän hem bolsa, umuman olaryň sagdyn pikirlilige esaslanýandygyny pikir edýäris” diýdi.

Ýewropada Russiýa bilen gepleşiklere garşy durýan we “Russiýany dyza çökermek” isleýän “rehimsiz militaristleri” tankytlan Rýabkow, olaryň “parasatly garaýyş beýan edýänlerden asgyn gelýändigini” aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow; “Ýewopa toparynyň emele getirýän bu paranoik goh-galmagalyň Waşingtynda henizem bar bolan parasatlylygyň öňüne geçmegini islemeýärin” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýewropada sarp edilýän rus energiýa serişdesini Amerikan eksporty bilen çalyşmagy hakyndaky çagyryşy barada-da durup geçen Rýabkow, şeýle teklipleriň “täzelik” däldigini nygtap, Russiýanyň energetika pudagynda bäsdeşlige taýýardygyny aýtdy.