DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýa bilen Ukraina birek-biregi energiýa desgalaryna hüjümler guramak bilen aýyplaýarlar
Moskwa Ukraina degişli 51 sany uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini öňe süren bolsa, Kiýew 320 uçarmansyz howa ulagynyň 283-sini täsirsiz ýagdaýa getirendigini we raketalary ýok edendigini öňe sürdi.
Russiýa bilen Ukraina birek-biregi energiýa desgalaryna hüjümler guramak bilen aýyplaýarlar
Russiýa-Ukraina urşy
17 Oktýabr 2025

Russiýa bilen Ukraina penşenbe güni energiýa infrastrukturalaryna gijeki howa hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplady.

Wolgogradyň gubernatory Andreý Boçarow Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Ukraina tarapyndan günorta sebitdäki energiýa infrastrukturasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen guran uly göwrümli howa hüjümlerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Woronežiň gubernatory Aleksandr Gusew goňşy sebitde uçarmansyz howa ulagynyň hüjüminden soň etrabynyň birnäçe obasynyň elektrik toksuz galandygyny aýtdy, ýöne goşmaça maglumat bermedi.

Goranmak ministrligi gije 51 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, şolaryň 11-siniň Wolgograd sebitiniň howa giňişliginde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan, Ukrainanyň milli nebit we gaz kompaniýasy Naftogaz Telegramdan beren beýanatynda, Russiýanyň desgalaryna giň gerimli hüjüm gurandygyny we käbir "möhüm" desgalaryň işiniň wagtlaýynça togtadylandygyny aýtdy.

Naftogaz: "Şeýle hüjümler kompaniýanyň gaz öndürýän mukdaryna gönüden-göni täsir edýär we biz munuň bir bölegini import arkaly öwezini dolmaga mejbur bolýarys" diýdi.

Ukrainanyň elektrik ulgamy operatory Ukrenergo, energiýa ulgamyndaky kyn ýagdaý sebäpli paýtagt Kiýewi öz içine alýan birnäçe sebitde gyssagly elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.

Ukrainanyň hususy energiýa üpjünçisi DTEK, Poltawa sebitindäki gaz önümçilik desgasyndaky işleriň bes edilendigini habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý X platformasyndan beren beýanatynda, Russiýa garşy harby we ykdysady basyşy güýçlendirmek baradaky çagyryşyny gaýtalap: "Şu güýzde ruslar her gün energiýa infrastrukturamyza hüjüm edýärler" diýdi.

Zelenskiý "Bu mesele boýunça berk kararlar kabul edilip bilner we bu kararlar Ukrainanyň ähli hyzmatdaşlaryna bagly. Hyzmatdaşlarymyzyň güýji urşuň gutarjakdygyny göni kesgitleýär" diýdi.

Şeýle hem, Ukrainanyň harby-howa güýçleri howa gorag güýçleriniň gije 320 uçarmansyz howa ulagynyň 283-sini we Russiýa tarapyndan gije atylan dürli görnüşli 37 raketanyň 5-sini täsirsiz ýagdaýa getirendigini öňe sürdi.

Ukrainanyň Baş ştaty hem bir gijeki hüjümde Russiýadaky Saratow nebiti gaýtadan işleýän zawodyna hüjüm edendigini öňe sürdi, ýöne rus resmileri bu öňe sürmeler barada entek maglumat bermediler.

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy