DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Ysraýylyň Goranmak ministri nyşana alnan desgalaryň Eýranyň nebit-himiýa eksportynyň takmynan 85 göterimini özünde jemleýändigini we "indi işlemeýändigini" öňe sürdi.
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar

Eýran metbugatynyň habarlaryna görä, ABŞ-Ysraýyl bilelikdäki hüjümi ýurduň günorta-günbataryndaky energiýa merkezi bolan Eseluýe şäherindäki Günorta Pars nebit-himiýa toplumyna gönükdirildi.

“Pars” habar agentligi hüjümden soň duşenbe güni desgada partlamalaryň bolandygyny habar berdi.

Ýarym resmi Mehr habarlar agentligi hüjümlerde Eseluýe şäherindäki nebit-himiýa zawodlarynyň, şol sanda Jam we Demawand desgalarynyň nyşana alnandygyny habar berdi.

Ysraýylyň goranmak ministri Israel Kats harbylaryň Eýranyň iň uly nebit-himiýa zawody diýip atlandyran zawoda hüjüm gurandygyny tassyklady.

Kats “Ýediot Ahronoth” gazetinde çap edilen beýanatynda: “Ysraýyl ýaňy Eýranyň Eseluýe şäherindäki iň uly nebit-himiýa zawodyna hüjüm gurady” diýip belledi.

Kats nyşana alnan desgalaryň Eýranyň nebit-himiýa eksportynyň takmynan 85 göterimini emele getirýändigini we olaryň "indi işlemeýändigini" öňe sürdi.

Eýranyň ýerli resmisi Ysraýylyň şenbe güni günorta-günbatar Huzistan welaýatyndaky Mahşahr nebit-himiýasynyň ýörite zolagynda şuňa meňzeş hüjümi amala aşyrandygyny we bäş adamyň ölendigini aýtdy.

Ysraýyl geçen aý Eseluýedäki Günorta Pars aýratyn ykdysady zolagyndaky gaz desgalaryna hem hüjüm gurapdy.

Dünýäde iň uly tebigy gaz gory bolan Günorta Pars/Demirgazyk Gümmez meýdany Eýran bilen Kataryň arasynda paýlaşylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen aý ABŞ-nyň Günorta Pars gaz känine guralan hüjümden habarsyzdygyny öňe sürdi, Tel-Awiw bolsa başga bir hüjümi amala aşyrmajakdygyny beýan edipdi.

Soňky günlerde Ysraýyl Eýrana garşy dowam edýän urşunyň çäginde Eýranyň esasy senagat pudaklaryny nyşana aldy.

Netanýahu anna güni Ysraýylyň hüjümleriniň Eýranyň polat öndürmek kuwwatynyň takmynan 70 göterimini ýok edendigini we Tähranyň ýarag öndürmek ukybyny ep-esli gowşadandygyny aýtdy.

Polat senagat we harby önümçilikde, şol sanda raketalarda, dronlarda we gämilerde strategik taýdan möhüm materialdyr.

Kats özüniň we Netanýahunyň goşuna "Eýranyň milli infrastrukturasyna doly güýç bilen hüjüm guramaga dowam etdirmegi" barada buýruk berendigini habar berdi.

Öwren
Russiýa: "Ukraina we Ýewropa urşy dowam etdirmäge taýýarlyk görýär” diýdi
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
NATO-Ukraina Geňeşiniň maslahaty Brýusselde geçirildi
Siriýanyň Prezidenti Şara resmi sapar bilen Saud Arabystanyna gitdi
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys