Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Şwesiýa bilen Ukrainanyň täze goranyş tehnalogýa merkezini gurjakdygy habar berildi.

By
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder / Reuters

Şwesiýa bilen Ukraina, Ukrainada täze goranyş tehnalogiýa merkezini gurmak boýunça ylalaşyk teswirnamasyny baglaşandyklaryny habar berdi.

Bu başlangyç Ukrainanyň Russiýa bilen dowam edýän uruş şertlerinde döwrebap söweş ulgamlaryny birlikde gurmagy maksat edinýär.

Şwesiýanyň Goranmak ministri Pal Jonson, penşenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Bu täze söweş tehnalogiýalaryny ösdürmek we öndürmek boýunça bilelikdäki ukybymyzy güýçlendirer” diýdi.

Ministr Jonson başlangyjyň çäginde şwesiýaly hünärmenleriň Ukrainada iş alyp barjakdygyny we Şwesiýanyň ýarag hünärmenleriniň Ukrainanyň söweşde gazanan tejribelerinden peýdalanjakdygyny nygtady.

Ukrainanyň Premýer-ministri Denys Smyhal, Şwesiýanyň Goranmak ministri Pal Jonson bilen birlikde metbugata beren beýannamasynda, Şwesiýa bilen ukrainaly firmalaryň arasynda birnäçe şertnamanyň baglaşylandygyny aýtdy, emma howpsuzlyk aladasy sebäpli mesele hakynda doly maglumat bermekden gaça durdy.

“Ruslar şol desgalary ýok eder” diýen Ukrainanyň Premýer-ministri Denys Smyhal, ylalaşygyň gysga wagtda amala aşyrylmagyna garaşýandyklaryny belledi.

Gripen harby uçary üçin gepleşikleriň depgini güýçlenýär

Taraplar oktýabr aýynda Ukrainanyň Şwesiýada öndürlen 150 sany Gripen E kysymly harby uçaryny satyn almagy üçin şertnama baglaşypdy.

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson, şertnamalaryň gelejekde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny mälim edipdi.

Şwesiýanyň Goranmak ministri Pal Jonson, hem iki tarapyň Gripen uçarlarynyň gowşurlyş etaby boýunça gepleşik geçirýändigini ýatlatdy.