DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy
Ispaniýanyň Almeria welaýatyny täsiri astyna alan ýangyn “deňi taýy görülmedik pajyga” hökmünde häsiýetlendirildi.
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy

RTWE teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ispaniýanyň günortasynda ýerleşýän Andalusiýa sebitiniň Almeria welaýatynyň Los Gallardos etrabynda penşenbe güni başlan tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy.

Gözleg we halas ediş toparlary gurbanlaryň bir böleginin goňşy Bedar etrapçasynyň kiçi ilatly ýerinde, bir böleginiň bolsa alawlaryň arasynda galan ulaglaryň içinde tapylandygyny habar berdi.

Andalusiýanyň Saglygy goraýyşdan we Adatdan daşary ýagdaýlardan jogapkär ministriň wekili Antoniu Sanz, ýangyny sebitde şu günkü güne çenli uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýangyn hökmünde häsiýetlendirdi we wakany “deňi taýy görülmedik pajyga” hökmünde kesgitledi.

Ispaniýanyň harby goşuny hem ýangyna garşy göreşe goldaw berýär.

Mesele hakynda berlen beýannamada ýangyna garşy göreşe 150 adamlyk harby toparyň goldaw berýändigi nygtaldy.

Ýangyn we tüsse sebäpli welaýatdaky ýollar gatnawa ýapyldy.

Malaga welaýatynda başlan tokaý ýangyny sebäpli 1000 adam başga ýere göçürildi.