DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl, Siriýanyň günortasyna howa we gury ýer hüjümlerini guraýar
Gury ýer güýçleri Kuneýtra welaýatyna hüjüm gurady.
Ysraýyl, Siriýanyň günortasyna howa we gury ýer hüjümlerini guraýar
29 Awgust 2025

Ysraýylyň harby goşuny anna gününden bäri Siriýanyň günortasyna hüjüm guraýar.

Ysraýylyň harby uçarlary Koneýtra we Dera welaýatlarynda uçdy, gury ýer güýçleri bolsa Siriýa girdi.

Siriýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ysraýylyň harby ulaglarynyň Kuneýtra welaýatynda ýerleşýän Gündogar Samadaniýah obasyna girendigini we bir öýe hüjüm gurandygyny habar berdi.

Wakada adam pidasynyň çekilip çekilmändigi hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Ysraýyl ozal hem birnäçe gezek Siriýanyň özygtyýarlygyny basgylap howa we gury ýer hüjümlerini gurapdy.

ABŞ-nyň Ysraýyl bilen Siriýanyň arasynda howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin tagalla edýän döwründe Ysraýylyň guran soňky hüjümleri ünsleri özüne çekdi.

Ysraýyl geçen ýylyň dekabr aýynda Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Siriýa ýüzlerçe hüjüm gurady.

Şol hüjümlerde harby uçarlar, raketa ulgamlary we howa goranyş desgalary nyşana alyndy.

Ysraýyl mundan başgada Siriýanyň Golan depelerindäki basyp alyşlygyny dowam etdirdi we 1974-nji ýylda Siriýa bilen baglaşylan şertnamany basgylady we ýaragsyzlandyrlan araçäk zolagy ele geçirdi.

25 ýylyň dowamynda Siriýany demir ýumruk bilen dolandyran Asad, dekabr aýynda Russiýa gaçyp gitdi.

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda hem Ahmed Al Şaranyň ýolbaşçylygynda wagtlaýyn hökümet guruldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy