SYÝASAT
2 minut okamak
Putin Türkiýä Ukraina gepleşiklerinde eýelän posiziýasy üçin minnetdarlyk bildirýär
Russiýanyň lideri Ankaranyň Ukraina meselesini çözmekdäki "özboluşly pozisiýasyny" dowam etdirjekdigine ynanýandygyny aýtd we Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Kawkaz bilen bolan gatnaşyklary "mizemez, anyk we peýdaly" diýip häsiýetlendirdi.
Putin Türkiýä Ukraina gepleşiklerinde eýelän posiziýasy üçin minnetdarlyk bildirýär
Putin Türkiýä Ukraina gepleşiklerinde eýelän posiziýasy üçin minnetdarlyk bildirýär
1 Sentýabr 2025

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýä Ukraina meselesi boýunça alyp baran araçylyk tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ankaranyň çözgüt tapmakda “özbolyşly pozisiýasyny” dowam etdirjekdigine ynam bildirdi. Bu sözleri ol Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hytaýyň Týansin şäherinde geçirilen sammitiniň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Putiniň aýtmagyna görä, maý aýyndan bäri Stambulda Russiýa bilen Ukrainanyň wekiliýetleriniň  arasynda özara gepleşikleriň üç tapgyry geçirildi. Ol bu gepleşikleriň birnäçe ynsanperwer meselelerde öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi.

Putin Ankaranyň gatnaşmagynyň gepleşikler üçin dialog üçin giňişlik döretmek taydan möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, Türkiýäniň goşan goşandyny “ähmiýetli” we “talap edilýän” diýip häsiýetlendirdi.

Russiýanyň lideri Ärdogan bilen Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Kawkaz ýaly sebit meselelerini hem ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Ol bu ugurlarda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň “doly ýola goýlandygyny, anyk, peýdaly we ynamly” bolandygyny belledi.

Putin prezidentleriň derejesindäki yzygiderli gepleşikleriň goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýörelgelerine laýyklykda konstruktiw we hormat goýulýan dialogy saklamaga itergi berýändigini aýtdy.

Ol iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýumlarynyň ösýändigini hem nygtady. Putiniň beýan etmegine görä, geçen ýyl ikitaraplaýyn söwda 6.6 göterim ýokarlandy we 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 3 göterim artdy.

Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkiýäniň metallurgiýa we awtomobil senagatynda işjeňdigini, türk firmalarynyň bolsa Russiýada mehaniki inženerçilik, agaç senagaty we metallurgiýa ýaly ugurlarda iş alyp barýandygyny belledi.

Iýun aýynda Moskwada geçirilen hökümetara toparyň işi ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendirijisi hökmünde görkezildi.

Putin energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy “hakykatdanam strategiki” diýip häsiýetlendirdi. Ol “Mawy Akym” we “Türk Akymy” tebigy gaz üpjünçiliginiň üznüksiz dowam edýändigini we Russiýanyň Türkiýäniň esasy üpjün edijileriniň biri bolmagynda galýandygyny nygtady.

Putin häzirki wagtda Russiýanyň Rosatom kompaniýasy tarapyndan gurulýan Akkuyu atom elektrik stansiýasyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy taslamasy hökmünde görkezdi we bu taslamanyň hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýetini görkezýändigini aýtdy.

Resmi gepleşiklerden öň Kremliň Russiýanyň we Türkiýäniň resmi wekiliýetleriniň birek-birek bilen mähirli salamlaşýan pursatlarynyň wideo ýazgylaryny ýaýradandygyny hem bellemek bolar.

Rosatomyň başlygy Alekseý Lihaçýow we Russiýanyň Energetika ministri Sergeý Tsiwilew türk kärdeşleri, şol sanda Energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen el gysyp, gujaklaşdylar.

Putin Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky syýasy ynamyň ähmiýetine ünsi çekip, hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn meseleler bilen çäklenmän, sebit we halkara meselelere hem degişlidigini aýtdy.

Ol iki tarapyň hem Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýaly sebitlerde çemeleşmeleri utgaşdyrmagyň iki tarap üçin hem möhümdigini nygtady.

ÇEŞME:TRT World
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady