SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ, ýaranlarynyň Palestini ykrar etmegini 'performatiw' diýip häsýetlendirýär
Resmi Waşington ýaranlaryndan tapawutlylykda Ysraýyla goldawyny güýçlendirýär we esasy maksadynyň ýesirleriň boşadylmagyndan we Ysraýylyň howpsuzlygyndan ybaratdygyny aýdýar.
ABŞ, ýaranlarynyň Palestini ykrar etmegini 'performatiw' diýip häsýetlendirýär
ABŞ, ýaranlarynyň Palestinany ykrar etmegini 'performatiw' diýip häsýetlendirýär
22 Sentýabr 2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Britaniýa, Awstraliýa we Kanada ýaly esasy ýaranlarynyň Palestin döwletini ykrar etmegini "performatiw" diýip häsýetlendirdi.

"Biz düýpli diplomatiýa alyp barýarys, performatiw çemeleşmelere üns bermeýäris. Biziň ileri tutýan ugurlarymyz belli: ýesirleriň boşadylmagy, Ysraýylyň howpsuzlygy we sebitiň parahatçylygy hem-de gülläp ösmegi" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili ýekşenbe güni anonim ýagdaýda aýtdy we pajygaly şertler sebäpli Hamasy günäkärledi.

Bu beýanat şol günün dowamynda Angliýa, Kanada, Awstraliýa we Portugaliýa döwletleriniň Palestinany resmi taýdan ykrar eden taryhy wakasyndan soň berildi.

Angliýanyň Premýer-ministri Keir Starmer: “Ýakyn Gündogarda möwjeýän pajygaly şertlerde biz parahatçylygyň we iki döwletli çözgüt ähtimallygyny dowam etdirmek ugrunda hereket edýäris" diýdi.

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni bolsa Palestin döwleti bilen Ysraýyl döwleti üçin parahatçylykly gelejegiň wada edilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk teklip etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň dowamynda Fransiýa, Belgiýa, Lýuksemburg, Malta, Andorra we San Marino ýaly ýurtlaryň hem Palestini ykrar etmegine garaşylýar. Ol Ysraýyly we ABŞ-ny has-da gyrakladyp biler.

Ysraýylyň reaksiýasy

Ganhor Benýamin Netanýahu Ysraýylyň jogabyny ABŞ-da Prezident Donald Tramp bilen duşuşykdan soň yurduna gelip, beýan etjekdigini aýtdy.

"Size başga bir habarym bar: Bu bolmaz. Iordaniýa derýasynyň günbatarynda Palestin döwleti döredilmez," diýip, ol öz beýanatynda aýtdy.

Aşa sagçy Milli Howpsuzlyk Ministri Itamar Ben-Gwir Ysraýylyň hökümetini basylyp alnan Günbatar Şeriany anneksiýa etmäge we "Palestin häkimiýetini dolulygyna ýok etmäge" çagyrdy.

Ben-Gwir "X" sosial media ulgamyndan beren habarnamasynda, Günbatar Şerianyň anneksiýasy baradaky teklibi ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlejekdigini mälim etdi.

BMG-niň agza döwletleriniň üçden iki bölegi Palestin döwletini ykrar edýär, şol sanda geçen ýyl Irlandiýa, Ispaniýa we Norwegiýa resmi taýdan ykrar etdiler.

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär