DÜNÝÄ
1 minut okamak
36 ýurtda geçirlen sowalnama gatnaşyjylaryň esasy bölegi Ysraýyla garşy
ABŞ, Kanada, Ýewropa, Awstraliýa we Gündogar Aziýa ýurtlary ýaly 36 ýurtda geçirlen sowalnama gatnaşyjylaryň esasy bölegi Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe.
36 ýurtda geçirlen sowalnama gatnaşyjylaryň esasy bölegi Ysraýyla garşy
36 ýurtda geçirlen sowalnama gatnaşyjylaryň esasy bölegi Ysraýyla garşy

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Rew Researjh firmasynyň fewral aýynyň 8-i bilen mart aýynyň 13-i aralygynda 36 ýurtda geçiren sowalnamasyna 44 müň 657 adam gatnaşdy.

Sowalnamanyň netijesinde Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaşýa eýe bolanlaryň sany hasapandy.

36 ýurtda geçirlen sowalnama gatnaşyjylaryň 67 göterimi Ysraýyl hakynda onaýsyz garaýşa eýe.

Beýleki tarapdan sowalnama gatnaşyjylaryň 25 göteriminiň Ysraýyla oňyn garaýandygy anyklandy.

Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe bolanlaryň esasy bölegi Türkiýe, Bangladeş, Indoneziýa, Malaýziýa we Pakistan ýaly ýurtlarda ýaşaýar.

Türkiýeden sowalnama gatnaşanlaryň 91 göterimi Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe. Sowalnama gatnaşanlaryň diňe 5 göterimi Ysraýyl barada oňyn garaýyş beýan etdi.

ABŞ-da, Kanadada we Ýewropada hem Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe bolanlaryň sany has köp.

ABŞ-da sowalnama gatnaşyjylaryň 60 göterimi, Kanada-da bolsa 65 göterimi Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe.

Şwesiýada we Ispaniýada sowalnama gatnaşyjylaryň 78 göteriminiň, Ýaponiýada 83 göteriminiň, Awstraliýada 79 göteriminiň, Günorta Koreýada bolsa 70 göteriminiň Ysraýyl hakynda oňaýsyz garaýşa eýe bolmagy ünsleri özüne çekdi.