DÜNÝÄ
2 minut okamak
Zelenskiý: Ukraina uruş tagallalaryny dowam etdirmek üçin Ýewropanyň goldawyna mätäç
Brýussel Russiýanyň aktiwlerini doňdurmak planlaryny gözden geçirýärkä, Ukrainanyň lideri Zelenskiý Ýewropadan uzak möhletli maliýe goldawyny talap etdi.
Zelenskiý: Ukraina uruş tagallalaryny dowam etdirmek üçin Ýewropanyň goldawyna mätäç
Wladimir Zelenskiý
28 Oktýabr 2025

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Kiýewiň Russiýa garşy göreşini dowam etdirmek üçin indiki iki-üç ýylyň dowamynda Ýewropanyň maliýe goldawyna mätäç boljakdygyny aýtdy we ÝB-ni uzaga çeken uruş döwründe durnukly maliýeleşdirmegi üpjün etmäge çagyrdy.

Zelenskiý sişenbe güni Prezident edarasynyň beren beýanatynda, Ukrainanyň onlarça ýyllap dowam edýän uruş alyp barmak islemeýändigini, ýöne goranyşyny we ykdysadyýetini saklamak üçin "çaklap bolýan, uzak möhletli" goldawa mätäçdigini aýtdy.

Ukrainanyň lideri: "Biz onlarça ýyllap uruşda bolmarys. Ýöne Ýewropa belli bir wagtyň dowamynda Ukraina durnukly maliýe goldawyny berip biljekdigini görkezmelidir. Şonuň üçin olar iki-üç ýyllyk maksatnamany göz öňünde tutýarlar" diýip, aýtdy.

Zelenskiý öz beýanatynda, Brýusselde doňdurylan Russiýanyň aktiwlerini Ukrainanyň uruş tagallalaryny we täzeden gurmagyny maliýeleşdirmek üçin ulanmak planlaryny göz öňünde tutdy.

ÝB liderleri geçen hepde Ýewropa Komissiýasyna Russiýadan alnan onlarça milliard ýewrony uly möçberde karz we ulanmak ýaly iki ýyllyk goldaw paketi boýunça teklipleri tamamlamagy tabşyrdylar.

Zelenskiý bu serişdeleriň çaknyşyklaryň gidişine baglylykda ýa täzeden gurmak, ýa-da goranmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Zelenskiý: “Eger uruş bir aýyň içinde gutarsa, biz bu pullary gaýtadan gurmaga harçlarys. Eger gutarmasa, onda ony ýaraglara harçlarys. Başga çäremiz ýok” diýdi.

Russiýanyň gury ýerdäki öňe gidişligi

Beýleki tarapdan Zelenskiý front liniýalaryndaky basyşyň artýandygy barada gürrüň berip, rus güýçleriniň birnäçe aýlap dowam eden güýçli söweşlerden soň gündogardaky Pokrowsk şäherinde ornaşmaga başlandygyny aýtdy.

Zelenskiý: “Ol ýerde dürli ýerlerde 200 töweregi rus bar, biz muny dronlardan görýäris. Häzirki wagtda Pokrowsk ruslar üçin esasy nyşana” diýip, belledi.

Ukrainanyň lideri bu beýanatlaryny urşuň dördünji ýylyna gadam basan, iki tarap hem uly ýitgilere sezewar bolan we parahatçylyk üçin hiç hili mümkinçiligiň ýok ýaly görünýän mahaly berdi.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi