Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gazadaky genosidiniň bes edilmegi baradaky ähli tagallalara goldaw berýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan Rize welaýatyna guran iş saparynyň çäginde eden çykyşynda “Gazada iki ýyldan bäri dowam edýän genosidiň bes edilmegi baradaky ähli tagallalara goldaw berýäris. Türkiýe Gaza ylalaşygyna doly goldaw berýär” diýdi.
Erdogan, Türkiýäniň Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň Gazada we tutuş Palestinada yzygiderli parahatçylyga, howpsuzlyga we durnuklylyga itergi bermegini umyd edýändigini nygtady.
Prezident Erdogan “Palestinli doganlarymyz, esasan Hamas, parahatçylyga taýardygyny görkezdi” diýdi.
“Ysraýyl ylalaşygyň şertlerine laýyklykda hereket etmeli” diýen Erdogan, sebitiň halkynyň howpsuzlygyna wehim salýan syýasatlaryndan ýüz öwürmegi üçin Ysraýyla çagyryş etdi.