DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tunberg: “Ysraýylda tussaglykda gynamalara sezewar boldum, arassa agyz suwundan mahrum edildim
Şwesiýaly aktiwist tussaglaryň gorkuzylýandygyny, kiçijik kapasalara salynýandygyny we lukmanlara hem-de arassa agyz suwuna elýeterliligiň bökdelýändigini aýtdy.
Tunberg: “Ysraýylda tussaglykda gynamalara sezewar boldum, arassa agyz suwundan mahrum edildim
Tunberg: “Ysraýylda tussaglykda gynamalara sezewar boldum, arassa agyz suwundan mahrum edildim
8 Oktýabr 2025

Şwesiýaly howa aktiwisti Greta Tunberg Gaza kömek flotilinden beýleki tussaglar bilen bilelikde Ysraýyly güýçleri tarapyndan saklanan möhletinde gynalandyklaryny we arassa agyz suwundan mahrum edilendiklerini aýtdy.

Sişenbe güni Stokgolmda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Tunberg özüniň we beýleki tussaglaryň geçen hepde Gaza ynsanperwer kömegini ýetirmäge synanşan Global Sumud flotiliniň bikanun saklanmagyndan soň Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan “zamunan alynandygyny we gynama sezewar edilendigini” aýtdy.

22 ýaşly Tunberg; “Maňa edilenleri şahsy taýdan aýtmak islämok, sebäbi onuň gazetlerde çykmagyny we “Greta gynaldy” diýilmegini islemeýärin. Sebäbi bu esasy mesele däl. Biziň başdan geçirenlerimiz Gazadaky adamlaryn her gün başdan geçirýänlerine garalanda hiç zat” diýdi.

Tunberg tussaglaryň kiçijik kapasalara goýulýandygyny we lukmançylyk kömegini soranlary gaz bilen öldürjekdiklerini aýdýarlar.

Tunberg: “Biz lukman we möhüm dermanlardan birini soranymyzda 60 adamy kiçijik kapasalaryň içine saldylar hem-de bizi gaz bilen öldürjekdiklerini aýtdylar” diýdi.

“Arassa suw ýok”

Tunberg şeýle hem tussaglaryň arassa agyz suwundan mahrumdygyny we hapa suw içenden soň ýarawsyzlanandyklaryny aýtdy.

“Öňümizde agyz suwy doldurylan çüýşeleri taşladylar we olary arassa suw soranymyzdan soň getirdiler” diýen şwesiýaly aktiwist; “Oolara “Arassa agyz suwy berilýänçä gitmejekdigimizi aýtdyk” diýdi.

Tunberg Şwesiýanyň Konsullygynyň resmileriniň tussaglaryň şikaýartlaryndan habarlydygyny, emma netijeli çäre görmändiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

Tunberg “Konsullygyň işgärleri biziň bilen duşuşandan soň gitjek mahaly olara “Siz gidenden soň bizi urarlar” diýdim. Emma olar muňa garamazdan gitdiler” diýdi.

50 ýurtdan 470-den gowrak aktiwistiň we 40-dan gowrak gäminiň gatnaşmagyndaky Global Sumud Flotili Ysraýylyň Gaza goýan 18 ýyllyk gabawyny böwürmek üçin öňe barýarka Ysraýylyň floty tarapyndan saklandy.

ÇEŞME:TRT World
Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy