DÜNÝÄ
1 minut okamak
Polşa sabbotaž meýilleşdirýändikleri sebäpli sekiz adamy tussag etdi
Resmiler Polşanyň Ukrainany goldaýan ýurtlary durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen oda berme we kiber hüjüm ýaly usullar bilen Russiýa tarapyndan nyşana alynýandygyny beýan edýär, Moskwa bolsa günäkärlemeleri ret edýär.
Polşa sabbotaž meýilleşdirýändikleri sebäpli sekiz adamy tussag etdi
Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk
21 Oktýabr 2025

Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk sişenbe güni beren beýannamasynda ýurduň dürli sebitlerinde sabbotaž aksiýasyny guramaga taýýarlyk görýändikleri şübhesi bilen sekiz adamyň saklanandygyny aýtdy.

Resmileriň beýan etmegine görä Polşa birnaçe wagtdan bäri Russiýanyň “çylşyrymly uruş” usullarynyň çäginde oda bermek we kiber hüjümleri ýaly synanşyklar bilen nyşana alynan ýurtlaryň hatarynda durýar. Russiýa bolsa şol günäkärlemeleri kabul etmeýär.

Tusk X platformasynda beren habarnamasynda “İçerki howpsuzlyk guramasy degişli guramalar bilen hyzmatdaşlykda soňky günlerde ýurduň dürli sebitlerinde sabbotaž aksiýalaryny guramaga taýýarlyk görýändigi sebäpli sekiz adamy saklady. Operatiw işler dowam edýär” diýip, ýazdy.

Ýörite gulluk hyzmatlaryndan jogapkär Tomas Simoniak bolsa X hasabyndan beren habarnamasynda “häzirki wagtda harby desgalar we esasy infrastrukturalar bilen bagly gözegçilik işlerini, sabbotaž aksiýalary üçin ulaglaryň taýýarlanmagy we hüjümleriň gönüden amala aşyrylma ähtimallygyny öwrenmäge gönükdirildi” diýip, ýazdy.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy