Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

SANA habarlar gullugy Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň Siriýanyň ykdysady taýdan galkynyşyna goldaw bermekleri üçin Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen duşuşandygyny habar berdi.

By
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy / AA

Siriýanyň Arap habar gullugy SANA, Siriýa bilen Halkara pul gaznasynyň, ýurtdaky ösüşi we ykdysady reformalary höweslendirmek üçin hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşandygyny habar berdi.

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristalina Georgiýewa, Siriýanyň ykdysady taýdan galkynyşyna goldaw bermek maksady bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy.

Şara bilen Georgiýewa ýekşenbe güni Waşingtonda Halkara pul gaznasynyň merkezi binasynda duşuşdy.

Duşuşyga Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Şeýbani hem gatnaşdy.

SANA tarapyndan berlen habara görä, iki tarap, “ösüşi artdyrmak we ykdysady reformalary höweslendirmek üçin Siriýa bilen HPG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy.

Şara şenbe güni Braziliýada geçirlen Howa çalşygy sammitine gatnaşandan soň Waşingtona geldi.

Ak Tam, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duşenbe güni Şara bilen duşuşjakdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi baradaky karary “taryhy” hökmünde häsiýetlendirildi.

Tramp bilen Şaranyň özara gatnaşyklar we sebitara meseleler bilen birlikde ABŞ-nyň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmegi hakynda pikir alylmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy geçen hepde Siriýa goýlan sanksiýalaryň Kongres tarapyndan bes edilmegine goldaw berýändigini mälim edipdi.

Şaranyň ABŞ-na guraýan sapary, Siriýanyň 1946-njy ýylda garaşsyzsyzlygyna eýe bolmagynan soň Siriýanyň lideriniň ABŞ-na guraýan ilkinji sapary hökmünde bellige alyndy.