Polşanyň Daşary işler ministri Radoslaw Sikorski, geçen hepde Polşanyň howa giňişligine giren rus dronlarynyň NATO-nyň görkezjek garşylygyny synagdan geçirmegi maksat edinýändigini nygtady.
Sikorski, iňlis “Guardian” gazetine beren beýannamasynda “Dronlaryň garaşylýan netijäni bermezligi ünsleri özüne çekdi. Bu hem Russiýanyň bizi synagdan geçirýändigini görkezýär” diýip belledi.
19 drondan diňe 3-4 sanysynyň urlup düşürlendigi hakyndaky tankydy belliklere reaksiýa görkezen Sikorski “Dronlar maksadyna ýetip bilmedi, käbir öýlere zeper ýetirdi emma ýaralanan bolmady”diýip belledi.
Sikorski adam pidasy çekilen halatynda Warşawanyň berk gaýtawul görkezjekdigine ünsi çekdi.
Ýalňyşlyk däl
Polşanyň Goranmak ministri Sikorski, Trampyň “Rus dronlary ýalňyşlyk bilen giren bolup biler”diýen beýannamasyna berk garşylyk görkezdi.
Sikorski “Bir ýada iki dron ýalňyşlyk bilen howa giňişligine girip biler. Emma bir gijede 7 sagadyň dowamynda 19 dronyň ýalňyşlyk bilen girendigine ynanmaýaryn” diýdi.
Russiýa Polşanyň bilkastlaýyn nyşana alandygy hakyndaky garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.
Polşanyň Daşary işler ministri Sikorski X sosial media platformasyndan beren beýannamasynda resmi Moskwanyň gapma-garşylykly beýanat berendigine ünsi çekdi.
Sikorski “Rus hökümeti dronlaryň ýalňyşlyk bilen Polşanyň howa giňişligine girendigini öňe sürýär. Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili rus dronlarynyň fiziki taýdan Polşa ýetip bilmejekdigini aýdýar. Biz haýsy garaýşa ynanmaly?”diýdi.
NATO anna güni dron hüjümleriniň öňüni almak we gündogar ýurtlaryny dron hüjümlerinden goramak üçin degişli çäreleriň görüljekdigini mälim etdi.