Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini gurady
SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini guradyTel-Awiw ylalaşyk gazanylmazdan öň harby uçarlaryň guran howa hüjüminde Eýranyň çar tarapyndaky harby bazalaryň nyşana alynandygyny habar berdi.
Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini gurady / AA
Duş 15 Ýek

Ysraýylyň harby goşuny anna güni fewral aýynyň başynda ABŞ bilen birlikde başladylan söweşiň çäginde Eýrana 10 müň 800-den gowrak howa hüjümiň guralandygyny öňe sürdi.

Ysraýyl Waşington bilen Tähranyň arasynda 8-nji aprelde wagtlaýyn ylalaşyk gazanylýança guralan hüjümler hakynda maglumat berdi.

Habara görä Eýranda 4 müň strategik nokat bilen 6 müň 700-e golaý harby baza nyşana alyndy.

40 gün dowam eden söweşde onlarça harby uçar şol bir wagtda operasiýa gatnaşdy.

Ysraýyl Eýrana garşy guran hüjümlerinde 18 müňden gowrak ok-däriniň ulanylandygyny, geçen ýylyň iýun aýyndaky 12 günlük söweşde ulanylan mukdaryň bolsa 5 esse köpdigini aýan etdi.

Öňe sürülýän garaýyşlar heniz tassyklanmady.

Sebitara dartgynlyk ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjüminden soň has möwjedi.

Tähran Ysraýyl bilen birlikde İordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby bazarlaryna ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini gurady.

Eýran mundan başgada Ormuz bogazyndan geçýän gämileriň sanyny çäklendirdi.

Pakistan, Türkiýe, Hytaý, Saud Arabystany we Müsür bilen birlikde 40 gün soň çarşanbe güni Waşington bilen Tähranyň arasynda iki hepde möhlet bilen ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar ylalaşygyň çäginde yzygiderli parahatçylyk gepleşikleri üçin Yslamabatda duşuşmagy kabul etdi.