SYÝASAT
2 minut okamak
Koreýa Respublikasynyň kazyýeti premýer-ministriň wezipeden çetleşdirilmegi kararyny bes etdi
Syýasy bölünşiklere garamazdan Hanyň liderligi garaýyş tapawutlylyklaryna garşy esasy köpri hökmünde görülýärdi. Onuň wezipesine dolanmagy, dowam edýän syýasy krizisiň ortadan aýrylmagy taýdan esasy öwrülşik nokady hökmünde analiz edilýär.
Koreýa Respublikasynyň kazyýeti premýer-ministriň wezipeden çetleşdirilmegi kararyny bes etdi
Koreýa Respublikasynyň kazyýeti premýer-ministriň wezipeden çetleşdirilmegi hakyndaky karary bes etdi
25 Mart 2025

Koreýa Respublikasynyň kazyýeti, duşenbe güni Premýer-ministr Han Duk Sunyň wezipeden çetleşdirilmegi hakyndaky karary bes edip, onuň wezipesine dolanmagy barada karar kabul etdi. Bu karar iki aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän syýasy krizisiň ortadan aýrylmagy taýdan öwrülşik nokady boldy.

Han geçen ýyl gysga möhletli harby dolanşyk düzgünini yglan eden Prezident Ýun Suk Ýuoluň wezipeden çetleşdirilmeginden soň wagtalýyn onyň wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Emma Premýer-ministr Han wezipesini diňe iki hepde dowam etdirdi. 27-nji dekabrda Ýokary kazyýet üç kazyny wezipä bellemegi kabul etmän, oppozisiýanyň gözegçiligindäki parlament bilen başdan geçiren düşnüşmezligi sebäpli ony wezipeden çetleşdirdi.

Ýokary kazyýetiň kazylary 7 kazyýetiň ses bermegi bu karary bes etdi.

75 ýaşyndaky Han, 5 prezident döwründe hem konsenwator hem-de liberal hökümetler döwründe 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýokary wezipelerde işläpdi.

Koreýa Respublikasyndaky syýasy bölünşiklere garamazdan Hanyň liderligi garaýyş tapawutlylyklaryna garşy esasy köpri hökmünde görülýärdi.

Emma oppozisiýa, Hany, Prezident Ýuolyň harby dolanşyk düzgünini yglan etmeginiň öňüni alyp bilmezlikde günäkärledi. Premýer-ministr Han bolsa bu günäkärlemeleri kabul etmedi.

Maliýe ministri Çhwe San Mok, Prezident Ýuol we Premýer-ministr Han hakynda gozgalan işleriň Ýokary kazyýet tarapyndan seljerilýän döwründe prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi.

Garaşylmadyk Harby dolanşyk karary

Parlament, Premýer-ministr Hany harby dolanşyk kararyndaky roly sebäpli, şeýle hem Ýokary kazyýete täze kazylaryň bellenmegini kabul etmändigi we Prezident Ýuol bilen aýaly Kim Keon-heiýe garşy duran kazylara goldaw bermändigi sebäpli wezipesinden boşatdy.

Han, 19-njy dekabrda kazyýete beren düşündirişinde harby dolanşyk karary bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygy sebäpli wezipesinden çetleşdirilmegi hakyndaky kararyň bes edilmegini talap etdi.

Prezident Ýuolyň 3-nji dekabrda garaşylmadyk ýagdaýda harby dolanşyk yglan etmegi we yzy ýanyndan başlan syýasy krizis, Aziýanyň ykdysady taýdan ösen 4-nji ýurduna uly zepet ýetirdi. Bu ýagdaýa, Ýuoly, Hytaýa we Demirgazyk Koreýa garşy esasy hyzmatdaş hökmünde görýän ABŞ ýaly ýurtlary aladalandyrdy.

Harby dolanşyk diňe 6 sagat dowam etdi. Parlamentiň agzalary, howpsuzlyk güýçleriniň gören berk çärelerine garamazdan mejlisiň binasyna girdi we harby dolanşygyň yglan edilmegine garşy sese goýulşyk geçirildi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Türkiýe DKTR-na 6 sany F-16 uçaryny ugratdy we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Eýranyň lideri boýun egmejekdiklerini aýtdy we goňşy ýurtlardan ötünç sorady
Türkiýe Ýakyn Gündogardaky raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görýär
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy
Fotohabar: ABŞ bilen Ysraýyl Eýrana garşy harby hüjüm başlatdy
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Tramp ABŞ-nyň Eýrana garşy giň gerimli söweş başladandygyny habar berdi
Dünýäniň ünsi ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerine gönükdi
Kanada Eýrandaky raýatlaryna ýurdy terk etmeklerini maslahat berdi