DÜNÝÄ
1 minut okamak
Wenesuelada oppozisiýanyň lideri Maria Korina Maçado 2025 Nobel parahatçylyk baýragyna eýe boldy
58 ýaşyndaky Maçado bu baýragyň eýesi bolmak üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen birlikde 338 dalaşgär bilen bäsleşdi.
Wenesuelada oppozisiýanyň lideri Maria Korina Maçado 2025 Nobel parahatçylyk baýragyna eýe boldy
Wenesuelada oppozisiýanyň lideri Maria Korina Maçado 2025 Nobel parahatçylyk baýragyna eýe boldy
10 Oktýabr 2025

Merkezi Norwegiýada ýerleşýän Nobel komiteti anna güni Wenesuelada oppozisiýanyň lideri Maria Korina Maçadonyň 2025 Nobel parahatçylyk baýragyna eýe bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüni baýrak üçin iň amatly dalaşgär hökmünde görkezmäge çalyşdy emma 58 ýaşyndaky Maçado wenesuelanyň halky üçin demokratik adam hukuklaryny höweslendirmek barada ylmy işleri bilen bu baýraga laýyk görüldi.

Nobel parahatçylyk baýragy üçün şu ýyl 338 adam dalaşgärlige hödürlendi. 244-i şahsy, 94-i bolsa guramalar tarapyndan dalaşgärlige hödürlendi.

Geçen ýyl Nobel parahatçylyk baýragyny Ýaponiýada atom bombasy sebäpli ýitgi çekenler üçin halk hereketini döreden Nihon Hidankýo topary alypdy.

Nobel parahatçylyk baýragy 1901-1924-nji ýyllaryň aralygynda 111-i şahsyýet we 31-i gurama bolmak bilen jemi 142 dalaşgäre 105 gezek gowşuryldy.

Jemi 28 gurama Nobel parahatçylyk baýragyny aldy. Halkara Gyzyl Haç komiteti 3, BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy bolsa iki gezek Nobel parahatçylyk baýragyna eýe boldy.

Şwesiýaly alym Alfred Nobeliň wesýetine laýyklykda 1901-nji ýylda berilmäge başlanan Nobel baýraklary dünýäniň iň abraýly sylaglaryndan biri hökmünde kabul edilýär.

Bu baýraklar fizika, himiýa, lukmançylyk, edebiýat we parahatçylyk ugurlary boýunça berilýär.

Şwesiýanyň merkezi banky 1969-njy ýyldan bäri Nobel baýragyna alanlara pul sylagyny berýär.

 

 

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy