Erdogan Siriýada ylalaşygy goldady we hemişelik çözgüt tapmak barada çagyryş berdi
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Siriýada şu pursatdan başlap amala aşyryljak islendik öjükdirme synanyşyklaryň "öz janyna kast etmek" boljakdygy barada duýduryş berdi we durnuklylygy gorap saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sişenbe güni Türkiyäniň Siriýada gazanylan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşykdan hoşaldygyny we onuň mundan beýläk gan dökülmezligi ugrunda dowamly çözgüde getirjekdigine umyt edýändigini aýtdy.
Çarşenbe güni mejlisde häkimiýet başyndaky Adalat we Ösüş partiýasynyň agzalarynyň öňünde çykyş eden Erdogan, Ankaranyň "iň başyndan bäri" ýeke-täk Siriýa döwletiniň doly territorial bitewiligini we syýasy birligini gorap saklamagy berk goldaýandygyny aýtdy.
Siriýanyň prezidentligi sişenbe güni terror guramasy ÝPG bilen ylalaşyga gelnendigini, ÝPG-ä Hasekäniň amaly taýdan integrasiýa edilmegi üçin ýol kartasynyň üstünde işlemek üçin dört gün wagt berilendigini we şol wagt aralygynda ot açmagy bes etmek möhletiniň dowam etjekdigini habar berdi. Terror guramasy ÝPG birnäçe wagt soň ot açmagy bes etmeklik baradaky ylalaşyga doly ygrarlydygyny mälim etdi.
Prezident Erdogan Siriýada mundan beýläk öjükdirmelere ýüz tutmagyň "öz janyna kast etmek" boljakdygyny aýtdy we durnuklylygy gorap saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Siriýada doly integrasiýanyň "täze döwrüň başlangyjyny" alamatlandyrjakdygyny we durnuklylygyň peýdasyny iň güýçli ýagdaýda Siriýadaky kürtleriň duýjakdygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan: “Biziň hiç bir ýurduň territoriýasynda hiç hili bähbidimiz ýok we hiç bir ýurduň içerki işlerine goşulmarys, ýöne ýurdumyzyň bähbitlerine zyýan ýetirilmegine-de ýol bermeris” diýip nygtady.
Prezident Erdogan mundan başgada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde dürli meseleleri, şol sanda DAIŞ-a garşy göreşmek üçin bilelikdäki tagallalary we Siriýanyň howpsuzlygyna goşant goşjak beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.