TRT Worldyň ştatdan daşary žurnalisti Ýahýa Barzak Gazanyň merkezindäki Deir al-Balah sebitinde Ysraýylyň howa hüjüminde öldürildi.
Urşuň asuda ilata ýetirýän täsirini dokumentleşdirmek maksady bilen iş alyp baran Barzak, bir kafede wideo düşürip ýörkä, Ysraýylyň hüjüminde nyşana alyndy.
Palestinanyň metbugatynyň habaryna görä, hüjümde Barzak bilen birlikde 5 adam ýogaldy.
Saglygy goraýyş işgärleriniň habar bermegine görä sişenbe güni Gazada Ysraýylyň guran hüjümlerinde göwreli zenan we bir çaga bilen birlikde azyndan 58 palestinaly öldürildi.
Palestinanyň habar çeşmeleri Deir al-Balahdaky hüjümiň agaç ussahanasyna hem gönükdirilendigini habar berdi.
Barzak we beýlekiler şäheriň daşarky köçesiniň golaýynda ýogaldy.
Sosial media platformasy Instagramdaky soňky ýazgysynda Barzak, Ysraýylyň bombalamagy we mejbury göçürilmek howpy sebäpli Gaza şäherinden günorta gaçmaga mejbur bolandygyny aýdyp: "Bedenim günorta çekildi, ýöne ýüregim Gaza şäherinde" diýip belläpdi.
Türkiye hüjümi ýazgardy
Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Barzagy "basyp alyşlygyň we sütemiň kölegesinde hakykaty yzarlaýan batyrgaý ses" diýip häsiýetlendirdi.
TRT-nyň baş müdiri Zahid Sobajy hem hüjümi berk ýazgardy. Sobajy, Barzagyň öldürilmeginiň žurnalistleriň Gazadaky howplaryny ýene-de bir gezek ýada salandygyny aýtdy.











