SYÝASAT
1 minut okamak
Gazada her gün 28 çaga öldürilýär
BMG, Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän genosid söweşi we iýmit ýetmezçiligi sebäpli ýogalýan çagalaryň sanynyň artýandygy barada duýduryş berdi.
Gazada her gün 28 çaga öldürilýär
5 Awgust 2025

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi (UNICEF), Ysraýylyň dowam etdirýän hüjümleri,  gabawy we ynsanperwer kömegini dolulygyna diýen ýaly bes etmegi sebäpli Gazada her gün ortaça 28 çaganyň ýogalýandygyny mälim etdi.

UNICEF-iň duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Bombaly hüjümler sebäpli ýogalýanlar, iýmit ýetmezçiligi we açlyk sebäpli ýogalýanlar, ynsanperwer kömeginiň bökdelmegi sebäpli ýogalýanlar” diýildi.

Habarnamada “Gazada her gün bir synpyň okuwçysy ýagny ortaça 28 çaga ýogalýar” diýildi.

UNICEF ynsanperwer kömeginiň gyssagly ýetirilmegi we çakanyşyklaryň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Habarnamada “Gazadaky çagalara iýmit, arassa agyz suwy we derman gerek. İlkinji nobatda bolsa çaknyşyklaryň bes edilmegi gerek” diýildi.

Ysraýylyň Gazadaky genosidi

Ysraýyl 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gazadaky genosid söweşini dowam etdirýär.

Gazzadaky Saglygy goraýyş ministrligine görä, hüjümlerde häzire çenli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 61 müň palestinli ýogaldy, on müňlerçe adam ýaralandy.

Söweş sebäpli Gazanyň infrastrukturasy ýer bilen ýegsan edildi, hassanalaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy we sebit açlyga mahrum edildi. Ysraýylyň bökdençlikleri sebäpli ynsanperwer kömegi gümrük geçelgelerinde garaşýar.

Halkara derejesinde berilýän çagyryşlara garamazdan Ysraýyl genosidini dowam etdirýär.

UNICEF bilen birlikde beýleki ynsanperwer kömek guramalary çaknyşyklar bes edilýän we halka ynsanperwer kömegi ýetirilmän halatynda Gazada ýogalýan çagalaryň sanynyň artmaga dowam etjekdigi babatynda duýduryş berdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady