15 Noýabr 2025
Prezident R. T. Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň gurlan gününiň 42 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “DKTR-nyň gurlan gününiň 42 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn. Bu şanly günde şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýaryn. Milli gowgamyz bolan Kipri asla ýalnyz goýmarys. Kipr türklerine ähli taraplaýyn goldaw bermäge we güýçlendirmäge dowam ederis” diýip belledi.














