Ermenistanda düýn geçirlen parlament saýlawynda Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa üstünlik gazandy.
Merkezi Saýlaw komissiýasynyň ilkinji resmi netijelerine görä, Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky partiýa sesleriň 49,8 göterimini alyp saýlawy birinji ýerde tamamlady.
Russiýanyň tarapynda durýan milýarder Samwel Karapetýanyň ýolbaşçylygyndaky “Güýçli Ermenistan” partiýasy bolsa sesleriň 23,3 göterimini aldy.
Ýurduň ozalky Prezidenti Robert Koçarýanyň “Ermenistan” partiýasy sesleriň 9,9 göterimini aldy.
Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawa bolan gatnaşygyň 59 göterimdigini mälim etdi.
Saýlawyň netijeleriniň belli bolmagyndan soň metbugata beýannama beren Paşinýan gazanylan üstünligi “Ermenistanyň galkynyşy taýdan taryhy ýeňiş” hökmünde häsiýetlendirdi.
Saýlaw ýeňişinden soň alyp barjak daşary syýasaty barada hem möhüm ýüzlenme beren Paşinýan “Günbatar bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge dowam ederis” diýdi.
Nikol Paşinýan şol bir wagtda Russiýa bilen edilýän gatnaşyklary hem ösdürmäge dowam etjekdiklerini nygtady.
Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen sosial media arkaly beren habarnamasynda Paşinýany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

















