Prezident Rejep Taýýip Erdogan Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçirilen G20 sammitinde liderlere ýüzlenip eden çykyşynda, Türkiyäniň öňümizdäki ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça COP31 maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýýardygyny aýtdy.
Awstraliýa öz ýer eýeçiligini etmek üçin tutan ýüz tutmasyny yzyna çekeninden soň, Türkiye indiki ýyl Ortaýer deňziniň syýahatçylyk şäheri Antaliýada COP31 howa sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär.
Prezident Erdogan şenbe güni eden çykyşynda, Türkiyäniň energiýa maksatlaryny nygtap, 2035-nji ýyla çenli gün we ýel energiýasynyň kuwwatyny dört esse artdyrmagy maksat edinýändigini we şu ýyl Türkiyäniň energiýa garyndysynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýynyň eýýäm 60 göterimden geçendigini aýtdy.
Erdogan Gaza meselesine ünsleri çekip, geçen aý gazanylan ot açmagy bes etmegiň global durnuklylyk üçin örän möhümdigini nygtady.
Prezident Erdogan: “Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, Ysraýylyň ýetiren weýrançylygy Palestinanyň galkynyş tagallalaryny 70 ýyl yza süýşürdi” diýdi.
Erdogan Türkiyäniň hemişelik ýaraşygy goldamaga we Palestin sebitiniň ýaňadandna dikeldilmegine goşant goşmaga berk ygrarlydygyny beýan etdi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Biz hemişe bolşy ýaly Palestinanyň halkynyň ýanynda durmak boýunça tutanýerlidiris we taýýardyrys” diýdi.
Günorta Afrikanyň Ýohannesburg şäherinde dünýäniň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iki günlük liderler sammiti geçirilýär.













