TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Britaniýanyň Palestin döwletini ykrar etmek baradaky karary hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
27 Sentýabr 2025

Prezident R. T. Erdogan anna güni Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Starmer telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Starmere BMG-nyň Baş Assambleýasynyň şu ýylky sessiýasynyň Palestin meselesiniň iki döwletli çözgüde esaslanmagy üçin edilýän tagallalar taýdan netijeli geçendigini aýtdy.

Britaniýanyň Palestin döwletini ykrar etmek baradaky karary sebäpli Starmern gutlan Erdogan, Britaniýa we Fransiýa ýaly BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň Palestin döwletini ykrar etmeginiň “taryhy wakadygyny” nygtady.

Palestine berilýän goldawyň dowam etdirilmelidigini nygtan Erdogan, Netanýahunu durdurmak üçin edilýän basyşlaryň artdyrylmalydygyny we berk çäre görülmelidigini belledi.

Britaniýa ýekşenbe güni Palestin döwletini ykrar edýändigini mälim edipdi.

Britaniýa şeýlelikde Palestin döwletini ykrar eden 150-den gowrak ýurduň hataryna goşuldy.

Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer, Nýu-Ýorkda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasyndan öň beren beýannamasynda, “Ýakyn Gündogardaky wagşyçylyga garşy parahatçylyk we durnuklylyk üçin iki döwletli çözgüde goldaw bermek üçin herekete geçýäris” diýdi.

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez
Stambulda geçiriljek 9-njy TRT World forumynda dialog we adalat çagyryşy berler
Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýär
Türkiye Sudana çagyryş berdi: Al-Faşirdäki çaknyşyklar dessine bes edilsin