Türkiýe we ABŞ ýadro energiýasy boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky ähtnama gol çekdi
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Bayraktar ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Strategiki Raýat Ýadro Hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekendiklerini aýtdy.
Türkiýe bilen ABŞ penşenbe güni ýadro energiýasy goýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.
Iki ýurt Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Ak Tamdaky duşuşygynyň çäginde ýadro energiýasy ugrundaky köpasyrlyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak üçin täze bir tapgyryň başyny başlatdy. Bu barasynda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Bayraktar NSosyal atly türk sosial media platformasyndan habar berdi.
Ministr: "Biz Strategiki Raýat Ýadro Hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama liderleriň gatnaşmagynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen bilelikde gol çekdik" diýip, belledi.
Ministr Baýraktar şeýle hem: "Ylalaşygyň çäginde alnyp baryljak işleriň gelejekde iki ýurt üçin özara peýdaly netije berjekdigine umyt edýärin" diýip sözüniň üstüni ýetirdi.