SYÝASAT
2 minut okamak
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Dünýä ýurtlarynyň liderleri Gazada hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň we tussaglylaryň boşadylmagy ylalaşygyna goldaw bermek üçin bir ýere jemlenişdi.
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
13 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň Donald Tramp bilen Müsüriň Prezidenti Sisi, Gazada iki ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmeginden soň geçirilýän Gaza parahatçylyk sammitine ýolbaşçylyk edýär.

Ysraýyl bilen Hamasyň şu gün geçiriljek sammite gatnaşmagyna garaşylmaýar.

Ysraýyl halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanýan Gazada haýsydyr bir jogapkärçilik almagy kabul etmedi, emma Palestiniň lideri sammite gatnaşar.

Türkiýäniň, Iordaniýanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, BMG-nyň we ÝB-niň liderleriniň sammite gatnaşjakdygy habar berildi.

Müsüriň Gyzyldeňiziň kenarynda ýerleşýän Şarm Al-Şeýh şäherinde geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda şu gün Hamasyň elindäki ysraýylly 20 ýesiriň boşadylmagyna we Ysraýylyň palestinli ýüzlerçe tussaglyny boşatmagyna garaşylýar.

Dünýä liderleri näme üçin jemlenişýär?

Täze sahypa

Ysraýyl bilen Hamas, ABŞ-nyň, Arap ýurtlarynyň we Türkiýäniň basyşy netijesinde meýilnamanyň birinji tapgyry boýunça ylalaşyk gazandy.

Ysraýyl bilen Hamas çylşyrymly birnäçe meseläniň hötdesinden gelmek üçin halkara jemgyýetçiliginden we sebit ýurtlaryndan tehniki we maliýe taýdan goldawa garaşýar.

Müsür tarapyndan berlen beýannama görä, sammit ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gaza söweşiniň bes edilmegi üçin edýän tagallasynyň çäginde sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin täze sahypanyň açylmagyny maksat edinýär.

Müsür mart aýynda Gazanyň 2,3 millionlyk ilatynyň ýerinde galmagy üçin meýilnama hödürläpdi. Şol meýilnama Trampyň sebitiň boşadylmagy meýilnamasynyň ýerine taýarlandy.

Sammite ýolbaşçylyk edýän iki lideriň söweşden soňki döwür üçin täze iş meýilnamasynyň üstünde işländiklerini görkezýär.

Iki sagat dowam etmegine garaşylýan sammitde ähli kynçylyklaryň giňişleýin seljerilmegine garaşylmaýar.

Sisi bilen Trampyň sammitden soň metbugata beýannama bermegine garaşylýar.

Ylalaşygyň birinji tapgyrynyň çäginde Ysraýylly esgerler Gazanyň käbir etraplaryndan çekildi we ýüzmüňlerçe palestinliniň yzyna dolanmagyna rugsat berildi.

Ynsanperwer kömek guramalary hem sebite has köp ynsanperwer kömeginiň getirilmegi üçin taýarlyk görýär.

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady