Täze Zelandiýada düşelgede bolan ýer süýşgüninde iki adam ýogaldy, alty adam dereksiz itdi
Hytaýyň Täze Zelandiýadaky ilçisi ýogalan adamlaryň biriniň hytaýlydygyny tassyklady.
Täze Zelandiýanyň radiosy demirgazyk kenarýakasynda rekord derejede ýagyş ýagmagyndan soň düşelgede bolan ýer süýşgüniniň netijesinde iki adamyň ýogalandygyny we ýetginjekler bilen birlikde alty adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.
Hytaýyň Täze Zelandiýadaky ilçisi Wang Ksiaolong ýogalan adamlaryň biriniň Hytaýyň raýatydygyny tassyklady.
Ýer süşgüni penşenbe güni Moun Maunganuidäki çadyr düşelgä ýaramaz täsir ýetirdi.
Üç adamyň nirededigi henizem belli däl, ýöne olaryň sebitden giden syýahatçylar bolandygy çak edilýär.
Ýiten adamlary tapmak üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Polisiýanyň sebitleýin serkerdesi Tim Anderson munuň "köp ýagdaýlarda halas ediş operasiýasydygyny" aýtdy we şuňa meňzeş wakalarda diri galanlaryň bolandygyny belledi.