Ruslar raketalar bilen Ukrainadaky ýaşaýyş jaýlaryny nyşana almagy netijesinde üç adam ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň ikinji uly sebiti bolan Harkowa yzygiderli hüjümler gurap, ýaşaýyş jaýlaryna we infrastruktura zyýan ýetirip, elektrik toklarynyň kesilmegine sebäp boldy
Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow sebitindäki Balakleýa şäherine Russiýanyň guran raketaly hüjümleri üç adamyň ýogalmagyna we 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Ýaralananlaryň arasynda üç ýetginjek hem bar. Sebit resmileriniň we goranmak edaralarynyň maglumatyna görä, Moskwa bir gijäniň dowamynda şeýle hem Ukraina degişli 36 sany uçarmansyz howa ulaglaryny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Russiýa bilen serhetdeş bolan sebitiň gubernatory Oleh Synehubow duşenbe güni Telegramdan beren beýanatynda, gijeki hüjümleriň şäheriň merkezinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirendigini we onlarça awtoulagyň weýran bolandygyny ýazdy.
Sebitiň resmileri tarapyndan paýlaşylan suratda köp gatly kerpiç jaýyň zeper ýeten daşky keşbini, döwülen penjireleri, ýokarky gatlarda oduň ýanyp duranyny we daş töwerege syçran zir-zibilleri we döwülen agaçlary görüp bolýar.
Balakleýanyň harby dolanşygynyň başlygy Witaliý Karabanow Telegramdan beren beýanatynda, ýaralananlaryň arasynda üç ýetginjegiň bardygyny we ýaralanan dokuz adamyň hassahana äkidilendigini aýtdy.
Moskwa hüjümler barada hiç hili beýanat bermedi.
Iki tarap hem Russiýanyň dört ýyl mundan ozal başlan urşunda asuda ilaty nyşana almandygyny öňe sürýär, ýöne şu wagta çenli bu çaknyşykda müňlerçe adam öldi, olaryň aglaba bölegi Ukrainanyň raýatlary.
Ýekşenbe güni agşam ýurduň günortasyndaky Izýum şäheri bilen birlikde sebitiň käbir bölekleri Russiýanyň hüjümlerine sezewar galdy. Şäheriň resmileri Telegramdan beren beýanatlarynda, hüjümlerde 14 ýaşly çaganyň ýaralanandygyny we şäheriň bir gije elektrik toksuz galandygyny ýazdylar.