Filippinleriň günorta böleginde 7,4 bal ululygynda ýer titreme boldy. Ýerli Seýsmologiýa edarasy bu ýer titremeden soň yranmalaryň dowam etmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.
Filippinleriň Seýsmologiýa edarasynyň başlygy Teresito Bakolkol anna güni bu ýer titremeden soň sunami duýduryşyny berjekdiklerini aýtdy. Ýer titreme irden sagat 09:43-de Mindanao sebitindäki Manaý şäherçesinden takmynan 20 kilometr uzaklykda boldy.
Seýsmologiýa edarasy gysga wagt soň sunami duýduryşyny berdi.
Edaranyň habaryna görä, ýurduň Ýuwaş okean kenarýakasynda iki sagadyň dowamynda bir metr beýiklikdäki tolkunlaryň bolmagyna garaşylýar. Şol sebäpden kenarýaka ýaşaýjylaryna "tiz wagtda beýik ýerlere çykmaklary ýa-da sebitiň içine tarap çekilmekleri" maslahat berildi.
Häzirki wagta çenli çekilen zyýan ýa-da adam pidalary barada hiç hili maglumat berilmedi.
11 gün ozal bolsa 6,9 bal ululygyndaky ýer titreme Sebu adasynda başdan geçirilipdi we 74 adamyň ýogalmagyna we takmynan 72 müň öýüň ýumrulmagyna we zeper ýetmegine sebäp bolupdy.











