DÜNÝÄ
1 minut okamak
Peru Meksika bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Perunyň Daşary işler ministriniň beýan etmegine görä, Prezident Kastillonyň ýolbaşçylygyndaky hökümetde Premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Çaweze başpenalyk hukugynyň berilmegi etabynyň başladylmagy “dostlykly gatnaşyklara bap gelmeýär"
Peru Meksika bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Peru Meksika bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
4 Noýabr 2025

Peru, ozalky Prezident Pedro Katillonyň 2022-nji ýyldaky agdarlyşyk synanşygyna goşulşandygy hakynda öňe sürülýän garaýyş barada başladylan derňew işine garamazdan ozalky premýer-ministre başpenalyk hukugyny beren Meksika bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

Perunyň Daşary işler ministri Hugo da Zela duşenbe güni beren beýannamasynda “Şu gün ozalky premýer-ministr Çaweziň, ozalky Prezident Pedro Kastillonyň agdarlyşyk synanşygyndaky şärigi hökmünde Meksikanyň ilçihanasyndan başpenalyk hukugyny alandygyny öwrendik” diýdi.

Zela, Çaweze başpenalyk hukugynyň berilmegi etabynyň başladylmagyny “dostlykly gatnaşyklara bap gelmeýän hereket” hökmünde häsiýetlendirdi.

Hugo da Zela “Perunyň hökümeti şu günden başlap Meksika bilen diplomatik gatnaşyklarynyň kesilmegi barada karar kabul etdi” diýdi.

Oba mekdebinde mugallym bolup işlän we kärdeşler arkalaşygynyň agzasy Kastillo “Perunyň ilkinji ýoksul prezidenti” hökmünde bilinýärdi.

2022-nji ýylda dekabr aýynda birnäçe aý dowam eden syýasy krizisden soň Kongresiň işini bes etmäge synanşandygy sewäpli wezipesinden boşadyldy.

Kastillonyň wezipesinden boşadylmagy sebäpli Lima bilen Meksikanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşýar.

Peru Meksikanyň Kastillonyň aýalyna we çagalaryna başpenalyk hukugynyň berilmeginden soň Meksikanyň ilçisini ýurtdan çykarýar.

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy