DÜNÝÄ
2 minut okamak
Rus uçarmansyz howa ulaglary Ukraina hüjüm gurady, adam pidalarynyň çekilendigi habar berildi
Rus uçarmansyz howa ulaglarynyň Ukrainanyň Dnepr sebitine guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 21 adam ýaralandy. Hüjüm uly weýrançylyga we ýangynlara sebäp boldy.
Rus uçarmansyz howa ulaglary Ukraina hüjüm gurady, adam pidalarynyň çekilendigi habar berildi
A massive Russian drone assault on Dnipro triggered fires and significant damage. [Reuters]
30 Mart 2025

Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Dnepr şäherine uçarmansyz howa ulaglary bilen guran hüjümlerinde azyndan 4 adam ýogaldy, 21 adam ýaralandy. Hüjümleriň netijesinde köp gatly binalara zeper ýetdi, bir myhmanhana, ýangyç bekedi we ýaşaýyş binalarynda ýangyn boldy.

Hem Russiýa hem-de Ukraina howa hüjümlerini artdyrýar, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa öz gezeginde Kremliň we Kiýewiň arasynda eýýäm 3 ýyl bäri dowam edýän urşy bes etdirmek üçin ýaraşyk tagallalaryny artdyýar.

Dnepropetrowsk sebitiniň häkimi Sergiý Lysak Russiýanyň anna güni gije Dnepre onlarça uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi. Lysak hüjümlerde 4 adamyň ýogalandygyny, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa şenbe güni irden 21-e ýetendigini habar berdi.

Lysak: “Bu uly hüjümler giň gerimli weýrançylyga we ýangynlara sebäp boldy. Bir myhmanhana we restoran kompleksi, 11 ýaşaýyş jaýy, garažlar we bir ýangyç bekedi ýandy, köp gatly binalara we ulaglara zeper ýetdi” diýip aýan etdi.

Ýangynlaryň söndürilendigini aýdan Lysak, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Russiýa Donetskde ýaşaýyş zolagyny basyp aldy

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi rus harby birikmeleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän Panteleimoniwka we Zaparožýe sebitindäki Şerbaky obalaryny ele salandygyny habar berdi.

Anna güni Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainada geçiş tapgyr dolanşygynyň ýola goýulmagy barada çagyryş berip, rus goşunynyň ukrainaly esgerleri dolulygyna ýok etjekdigini aýtdy.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wolodimir Zelenskiý bolsa Putiniň BMG-nyň dolanşygynda geçiş tapgyrynyň ýola goýulmagy bilen bagly çagyryşyny, rus lideriň parahatçylyk ylalaşygyny yza süýşürmek üçin edýändigini belläp, ret etdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi