Prezident R. T. Erdogan, Türkiýä gelen Singapuryň Premýer-ministri Wongu Dolmabahçe köşgündäki kabulhanasynda resmi dabara bilen garşylady.
Erdogan bilen Wong garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek bilen Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran hem gatnaşdy.
























