DÜNÝÄ
1 minut okamak
Zelenskiý: Moskwa Ukraina garşy “giň gerimli hüjüme” taýýarlyk görýär
Ukrainanyň Prezidenti Kiýewiň öz goranmak mümkinçilikleriniň çäklerinde jogap bermäge taýýardygyny aýtdy.
Zelenskiý: Moskwa Ukraina garşy “giň gerimli hüjüme” taýýarlyk görýär
Zelenskiý: Moskwa Ukraina garşy “giň gerimli hüjüme” taýýarlyk görýär

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sişenbe güni Russiýanyň Ukraina garşy "giň gerimli hüjüme" taýýarlanýandygyny aýtdy we ukrain halkyny howa hüjümleri baradaky duýduryşlara gulak asmaga çagyrdy.

Zelenskiý agşamky çykyşynda resmilerden hüjüme taýýarlyk görülýändigi barada täzelenen aňtaw maglumatlaryny alandygyny we howa güýçleriniň we beýleki bölümleriň "goranyş mümkinçilikleriniň çäginde" jogap bermäge taýýardyklaryny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý: "Mundan başga-da, köp zat biziň hyzmatdaşlarymyza, ýagny bize zerur bolan goranyş mümkinçiliklerine eýe bolan we olary bize berip bilýän dünýäniň ähli ýurtlaryna baglydyr. Munuň üçin esasanamABŞ we Ýewropa tarapyndan syýasy islegiň bolmagy möhümdir" diýip nygtady.

Geçen hepde Russiýanyň Daşary işler ministrligi daşary ýurtlylary Kiýewi terk etmäge we Ukraina syýahat etmekden saklanmaga çagyrypdy.

Ministrlik Moskwanyň Kiýewde we Ukrainanyň beýleki şäherlerinde harby nyşanalara garşy "giň gerimli hüjümlerini" dowam etdirjekdigini mälim edipdi.

Beýanatda hüjümleriň ukrain güýçleriniň Russiýanyň raýat ilatyna we infrastrukturasyna garşy "terrorçylykly hereketlerine" jogap hüjümleriň boljakdygy beýan edildi.