Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Masud Pezeşkiýan Tähranyň suw ätiýajynyň soňky bir asyryň iň pes derejesine düşendigini beýan edip, ýagyş ýagmasa, suw çäklendirmeleriniň, hat-da göçüriş çäreleriniň hem gutulgysyz boljakdygyny duýdurdy.
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan paýtagt Tähranyň agyr suw ýetmezçiligine sezewar bolup biljekdigini we ýakyn wagtda ýagyş ýagmasa, şäheriň boşadylmaly boljakdygyny aýtdy.
Pezeşkiýan penşenbe güni Eýranyň günbatardaky Sanandaja şäherine guran saparynyň dowamynda hökümetiň ykdysady, tebigy we jemgyýetçilik çökgünliklerine garşy göreşýändigini mälim etdi.
Ol ýokary bahalaryň we inflýasiýanyň, içerki syýasat kemçilikleriniň we halkara sanksiýalarynyň netijesidigini aýtdy, ýerli "Etemad" gazeti habar berdi.
“Nyrhlaryň ýokary bolmagy we inflýasiýa parlamentiň hem-de hökümetiň ýalňyşlyklarynyň netijesidir. Degişli tagallalar edilýär, ýöne çäkli maliýe serişdeleri sebäpli taslamalar tamamlanman galýar,” diýip, Pezeşkiýan nygtady.
Pezeşkiýan suw ýetmezçiligine degişli meselede Eýranyň azalan ýagyş we suw çeşmeleri bilen baglanyşykly tebigy kynçylyklary başdan geçirýändigini duýdurdy.
“Eger ýagyş ýagmasa, geljek aýdan Tähranda suw üpjünçiligini çäklendirmäge başlamaly bolarys. Guraklyk dowam etse suw gutarar we şäheriň ilatyny göçürmäge mejbur bolarys,” diýip, ol aýtdy.
Prezident suwy we energiýa çeşmelerini has gowy dolandyrmagyň we tygşytlamagyň zerurlygyny nygtap, Tährandaky ýagdaýy “aladalandyryjy” diýip häsiýetlendirdi.
Tähranyň suw ýetmezçiligi
Tähranyň suw üpjünçiligi esasan bäş esasy bendiň, ýagny Lar, Mamlu, Amir Kabir, Talegan we Latýan bentleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Şolaryň iň irisi Amir Kabir bendidir.
Emma soňky bäş ýylyň dowamynda Eýranda ýagyş möçberi ep-esli azaldy we meteorologiýanyň berýän maglumatlaryna görä şu ýyl Tähranda ýagan ýagyş möçberi möwsümleýin ortaça görkezijilerden 40 göterim az.
Ygalyň azlygy esasan hem bahar we tomus aýlarynd, suw howdanlarynyň ätiýaçlarynyň düýpgöter azalmagyna sebäp bolup, ýerüsti we ýerasty suw serişdelerine ýaramaz täsir edýär.
Tähranyň Suw Dolandyryş Guramasy 20-nji iýulda paýtagty suw bilen üpjün edýän suw howdanlarynyň asyryň iň aşak derejesine düşendigini beýan edipdi.
Tomus aýlarynda aralykly suw kesilmeleri eýýäm başlapdy. 3-nji noýabrda Tähranyň Suw Dolandyryş Guramasynyň başlygy Behzad Parsa gurak şertler dowam etse, bentleriň ätiýaçlyklarynyň şäheri diňe iki hepde üpjün edip biljekdigini aýtdy.
Pezeşkiýan 23-nji iýulda, krizis häzirki depginde dowam etse we değerli çäreler görülmese, halka suw üpjünçiliginiň ýakyn wagtda mümkin bolmajakdygyny duýdurypdy.