Eýranyň “IRIB” teleýaýlymy, Eýrana degişli harby uçaryň heläkçilige uçrandygyny we uçardaky iki uçarmandan biriniň aradan çykandygyny habar berdi.
Habarda, howa güýçlerine degişli uçaryň ýurduň günbatarynda ýerleşýän Hemedanda ýary gije tälim uçuşynyň çäginde heläkçilige uçrandygy bellenildi.
Habarda, häläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.
Wakanyň ABŞ-nyň Eýranyň golaýyna harby güýç ornaşdyrmaga dowam edýän döwründe başdan geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň atom bombasyna eýe bolmagynyň öňüni almak maksady bilen Ýakyn Gündogara harby gämi, harby uçar we harby güýç ornaşdyrdy.
Tramp geçen aý Eýranyň protestçylara garşy aşa güýç ulanandygy we ýadro maksatnamasy sebäpli harby hüjüm guramak bilen hemle atypdy.
Tramp penşenbe güni Eýranyň ylalaşyk gazanmagy üçin 15 günlük möhlediniň galandygyny aýtdy we ylalaşyk gazanylman halatynda ABŞ-nyň hüjüm gurajakdygyny nygtady.
Eýran ABŞ-nyň harby hüjümlerine garşy kanunlara laýyklykda gaýtawul görkezjekdiklerini aýtdy.
Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Amir Said Irawani, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe we Howpsuzlyk geňeşiniň başlygyna ýazan hatynda, ABŞ-nyň harby güýç ulanmak hemlelerinden ýüz öwürmegi üçin çagyryş berilmegini isledi.














