Russiýa ABŞ bilen “Putin-Tramp tuneli” taslamasy boýunça gepleşikleriň başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ykdysady işlerden jogapkär wekili, Bering bogazynyň aşagyndan geljek demirýol tuneliniň gurluşygynyň Russiýa bilen ABŞ-nyň ykdysady taýdan galkynyşyna goşant goşjakdygyny mälim etdi.

Russiýa ABŞ bilen “Putin-Tramp tuneli” taslamasy boýunça gepleşikleriň başlandygyny mälim etdi / Reuters

Russiýanyň Prezidentiniň Ykdysadyýetden jogapkär ýörite wekili Kirill Dmitriýew, Moskwa bilen Waşingtonyň Bering bogazynyň aşagyndan geçjek tuneliň gurluşygy meselesinde iki ýurduň arasynda gepleşikleriň başlandygyny aýtdy.

Kirill Dmitriýew anna güni X sosila media paltformasy arkaly beren habarnamasynda “Tunel meselesi boýunça gepleşikler başlady” diýdi.

Gepleşikler Russiýanyň maýa goýum gaznasy tarapyndan alnyp barylýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni Ak Tamda Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen bolan duşuşygynda, Russiýa bilen ABŞ-ny demirýoly arkaly birleşdirjek Bering bogazynyň aşagyndan geçjek taslamany “täsin” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Kirill Dmitriýew döwrebap tuneliň gurluşygynyň 8 ýyla golaý dowam etmegine we gymmatynyň 8 milliard dollardan az bolmagyna garaşylýandygyny belledi.

Taslama “Putin-Tramp tuneli” adyny beren Kirill Dmitriýew, taslamanyň iki ýurduň ykdysady taýdan galkynyşyna goşant goşjakdygyny we uly iş mümkinçiligini döretjekdigini nygtady.