Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Russiýanyň şu gije paýtagta raketa hüjümini gurandygyny mälim eti.
Hüjümiň ýerli wagt bilen 02.36-da guralandygyny aýdan Kliçko, Kiýewe ballistiki raketalaryň atylandygyny belledi.
Kliçko hüjüm sebäpli paýtagtyň käbir merkezlerine zeper ýetirlendigini ýatlatdy.
Ilkinji kesgitlemelere görä, hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny ýatladan Kliçko, 4-i çaga 28 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ukrainanyň harby goşnunyndan berlen beýannamada bolsa ýurda garşy guralýan hüjümleriň dowam edýändigi nygtaldy.

















