Ekwadoryň Prezidenti uly jenaýat toparynyň lideriniň Kolumbiýada tussag edilendigini mälim etdi
39 ýaşyndaky Rolando “Fede”Gomez, Ekwadoryň güýçli Los Choneros guramasynyň ýaragly topary Los Aguilasyň lideri.
Ekwadoryň Prezidenti Daniel Noboa, iýun aýynda tussaghadan gaçan “Fede”Gomeziň Kolumbiýada tussag edilendigini mälim etdi.
Ekwadoryň Prezidenti “Fede”Gomeziň kellesini getireniň 1 million dollar bilen sylaglandyryljakdygyny mälim edipdi.
39 ýaşyndaky Rolando “Fede”Gomez, Ekwadoryň güýçli Los Choneros guramasynyň ýaragly topary Los Aguilasyň lideri.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň penşenbe güni beren habaryna görä, ýanwar aýynda tussag edilen Gomez, iýun aýynda Guaýaguil şäherindäki tussaghanadan harby egin eşigini geýip gaçypdy.
Ekwadoryň İçeri işler ministri Jon Reimberg, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Gomeziň Kolumbiýanyň Medellin şäherinde tussag edilendigini mälim etdi.
Prezident Noboa hem Gomeziň tatruirowa bilen örtülen bedeniniň suratyny ýaýratdy.
Prezident Noboa sosial media arkaly beren habarnamasynda “Ekwador egilşik etmez. Bu ýerde kanunlar höküm sürýär, mafýa däl”diýip belledi.
Prezidenti Noboa, guramaçylykly jenaýatlara garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy.
Bir wagtlar Latyn Amerikanyň howpsuz ýurtlaryndan biri bolan Ekwador indi iň howply ýurtlaryň hatarynda ýer alýar.
Ekwador dünýäniň kokain öndürýän esasy ýurtlary bolan Kolumbiýa we Peru bilen şol bir sanawda ýer alýar.
Ekwador dünýäniň kokain üpjünçiliginiň 70 göteriminiň ugrukdyrylýan nokady hökmünde bilinýär.